Türkmenistanyň wekiliýeti Portugaliýada inklýuziw bilim boýunça tejribe öwrenýär
Amul Info ·

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hünärmenleri 18–24-nji oktýabr aralygynda ÝUNISEF tarapyndan guralan okuw saparynyň çäklerinde Portugaliýada inklýuziw bilim ulgamynyň tejribesi bilen tanyşýarlar. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti aýratyn bilim zerurlyklary bolan çagalary umumy bilim berýän…
2026-njy ýylyň 18–24-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň hünärmenleri Portugaliýada inklýuziw bilim boýunça okuw saparynda bolýarlar. Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) tarapyndan guralan saparyň esasy maksady Türkmenistanda inklýuziw bilimi kämilleşdirmek we maýyplygy bolan adamlary goldamagyň toplumlaýyn ulgamyny döretmek boýunça halkara tejribesini öwrenmekden ybarat. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.
Milli wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mekdebe çenli bilim bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji M.G. Pirliýewa, Umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni O.B. Alamyşowa, Aşgabat şäherindäki 74-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň müdiri B.O. Muhammedowa hem-de 111-nji çagalar bagynyň müdiri G.A. Hudaýbergenowa girýär.
Saparyň dowamynda türkmen hünärmenleri inklýuziw çemeleşmeleri ornaşdyrmak arkaly maýyplygy bolan adamlara goldaw bermegiň toplumlaýyn ulgamyny döretmegiň usullary bilen tanyşýarlar. Şeýle hem Türkmenistanda inklýuziw bilimi we maýyplygy bolan adamlary goldamak ulgamyny ösdürmek boýunça özgertmeleriň indiki tapgyrynda peýdalanyp boljak tejribeleri we netijeli çözgütleri kesgitlemek göz öňünde tutulýar.
Portugaliýa maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýetçilik durmuşyna doly gatnaşmagyny üpjün etmek we inklýuziw bilimi ösdürmek boýunça halkara tejribesinde möhüm orun eýeleýär. Ýurdun bu ugurdaky tejribesi aýratyn goldaw görnüşlerinden ähli çagalaryň bilim almaga gatnaşmagyny üpjün edýän inklýuziw ulgama uzak möhletleýin geçişi bilen ähmiýetlidir.
Okuw saparynyň ilkinji günlerinde türkmen hünärmenleri Portugaliýanyň bilim edaralaryna we inklýuziw okuw merkezlerine baryp gördüler. Olar pedagoglaryň, psihologlaryň we logopedleriň bilelikde çagalar üçin aýratyn okuw meýilnamalaryny taýýarlamak boýunça iş usullaryny öwrendiler.
Esasy üns aýratyn bilim zerurlyklary bolan çagalary umumy bilim berýän mekdeplere we çagalar baglaryna goşmagyň mehanizmlerine gönükdirildi. Şeýle hem okuw jaýlarynyň fiziki gurşawyny we okuw maksatnamalaryny çagalaryň zerurlyklaryna laýyklykda uýgunlaşdyrmak boýunça amaly çözgütler öwrenildi.
Mundan başga-da, synpda alnyp barylýan okuwlaryň we utgaşdyrylan goldawyň çagalaryň irki ýaşdan başlap aragatnaşyk endiklerini ösdürmegine, toparyň durmuşyna işjeň gatnaşmagyna hem-de özlerini jemgyýetiň doly hukukly agzasy hökmünde duýmagyna ýetirýän täsiri seljerildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň maglumatyna görä, ýurtda adam hukuklaryna esaslanýan çemeleşmeden ugur alnyp, bilim gurşawynyň hilini, deňligini we inklýuziwligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen strategik özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şol bir wagtyň özünde maýyplygy bolan çagalar we olaryň maşgalalary üçin toplumlaýyn goldaw ulgamyny pugtalandyrmak boýunça işler alnyp barylýar.
Portugaliýadaky okuw sapary bu ugurda halkara tejribesini öwrenmäge, netijeli çemeleşmeleri kesgitlemäge we Türkmenistanda inklýuziw bilimi ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere täze tejribeleri ornaşdyrmaga ýardam berer.