Türkmenistan bilen Täjigistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
Amul Info ·

Aşgabatda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Täjigistanyň bilim we ylym ministri Rahim Saidzodanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we okuw maksatnamalaryny…
Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň bilim ulgamyna jogapkär ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilen tegelek stol duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Täjigistan Respublikasynyň Bilim we ylym ministri Rahim Saidzodanyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, tejribe alyşmak we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Täjik tarapy Türkmenistanda gurlan Magtymguly adyndaky türkmen mekdebi üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem mekdepde bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen okuw kitaplaryny we okuw maksatnamalaryny taýýarlamak, mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky tekliplerini beýan etdi.
Gepleşiklerde mugallymlary gaýtadan taýýarlamak, şeýle hem gysga möhletli hünär tejribeligini guramak boýunça hukuk binýadyny ösdürmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň bilim ministrlikleriniň we degişli edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.
«Köp dilli bilim arkaly Merkezi Aziýada we Mongoliýada sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly tegelek stol duşuşygy 22-nji oktýabrda Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Milli azlyklar boýunça Ýokary komissarynyň başlangyjy bilen geçirildi. Çärä Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri, halkara guramalarynyň wekilleri hem-de degişli ugur boýunça hünärmenler gatnaşdylar.
Duşuşyk sebit ýurtlarynyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny berkitmek, köp dilli bilimi ösdürmek we bilim edaralarynyň arasynda tejribe alyşmagy giňeltmek boýunça pikir alyşmak üçin möhüm mümkinçilik döretdi.