Fizika boýunça VI Açyk halkara olimpiada geçiriler

Turkmenistan RSS Feed ·

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek fizika boýunça VI Açyk halkara internet-olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Olimpiada hünärine we ýokary okuw mekdebindäki okuw ýylyna garamazdan, isleg bildirýän ähli talyplar gatnaşyp bilerler. Her ýokary okuw mekdepden bäş talypdan köp bolmadyk wekiliň gatnaşmagyna rugsat berilýär.

Olimpiada 4-nji dekabrda sagat 10:00-da institutyň sanly platformasynda başlanýar we şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler. Bäsleşigiň ýumuşlary ýerli wagt bilen sagat 11:00-da elýeterli bolar. Gatnaşyjylara umumy fizikanyň şu bölümleri boýunça 5 sany ýumuşlar berler: mehanika, molekulýar fizika, elektrik we magnit hadysalary, optika. Ýumuşlary çözmek üçin 150 minut wagt berilýär. Olimpiadanyň resmi dilleri – türkmen, rus we iňlis dilleri.

Olimpiadanyň eminler toparynyň düzümine Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-bilim merkezleriniň wekilleri girýär. Bäsleşige gatnaşyjylaryň netijeleri toplanan utuklarynyň jemi boýunça kesgitleniler. Olimpiadanyň ýeňijileri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar.

Olimpiadada çykyş etmäge isleg bildirýänler 1-nji dekabra çenli gatnaşyjy talyplar we olaryň jogapkär mugallymlary baradaky maglumatlary iolymp-tspi@yandex.ru diýen elektron salgysyna ibermek arkaly hasaba alynmalydyrlar.

Olimpiadanyň geçirilişi baradaky giňişleýin maglumatlar Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň saýtynda ýerleşdirilendir.

Fizika boýunça her ýyl halkara internet-olimpiadasynyň geçirilmegi zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, olaryň geljekde hünär taýdan ösmegi üçin amatly şertleri döretmäge, häzirki zaman tejribesinde ýüze çykýan çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

Ylym-bilim bäsleşigine gatnaşyjylaryň arasynda özara bähbitli ylmy maglumatlary alyşmak hem-de Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ylmy merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly giňeltmek hem bäsleşigiň esasy maksatlarynyň hatarynda durýar.

Источник: Turkmenistan RSS Feed