«Dragon Oil»: Çelekendäki 20 ýyldan gowrak tejribe Hazaryň täze mümkinçiliklerine ýol açýar

Amul Info ·

«Dragon Oil»: Çelekendäki 20 ýyldan gowrak tejribe Hazaryň täze mümkinçiliklerine ýol açýar

🌊⛽ «Dragon Oil»: Çelekendäki tejribe Hazaryň täze mümkinçiliklerine ýol açýar «Dragon Oil» kompaniýasy 2000-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Hazar deňzindäki «Çeleken» şertnamalaýyn çäginiň ýeke-täk operatory hökmünde işleýär. Kompaniýa «Jeýtun» we «Jygalybeg» ýataklarynda önümçilik, nebiti…

«Dragon Oil» kompaniýasy 2000-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Hazar deňzindäki «Çeleken» şertnamalaýyn çäginiň ýeke-täk operatory hökmünde işleýär. Kompaniýa «Jeýtun» we «Jygalybeg» ýataklarynda önümçilik hem-de nebiti taýýarlamak, saklamak we eksport etmek üçin zerur deňiz we kenarýaka infrastrukturasyny döretdi.

«Çeleken» boýunça önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşygyň 2035-nji ýyla çenli uzaldylmagy kompaniýanyň önümçilik, geologiýa-gözleg, tehnologiýa we infrastruktura boýunça uzak möhletli meýilnamalaryny dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.

«Dragon Oil» häzirki wagtda hereket edýän desgalarynyň golaýynda täze geologiýa-gözleg işlerini alyp barýar. Bu bolsa bar bolan infrastruktura daýanyp, täze nebit mümkinçiliklerini özleşdirmäge şert döredýär.

Kompaniýa «OGT 2026» halkara maslahatynyň hyzmatdaşy hökmünde Türkmenistanyň Hazar deňzindäki deňiz ýataklaryny özleşdirmek, täze tehnologiýalary ulanmak, geologiýa-gözleg işlerini giňeltmek we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça pikir alyşmalara gatnaşýar.

Umuman, «Dragon Oil» kompaniýasynyň Türkmenistandaky 20 ýyldan gowrak iş tejribesi, 2035-nji ýyla çenli uzaldylan ylalaşyk we bar bolan önümçilik infrastrukturasynyň geljekde Hazaryň türkmen bölegindäki täze mümkinçilikleri özleşdirmek üçin esasy şertleriň biri bolmagynda galýar.

Источник: Amul Info