Türkmenabatda hindi filmleriniň festiwaly geçirildi

Amul Info · · turkmenabat, lebap

Türkmenabatda hindi filmleriniň festiwaly geçirildi

11–13-nji noýabr aralygynda Türkmenabat şäherinde hindi filmleriniň festiwaly geçirildi. Çäräniň açylyşyna Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Bandaru Wilsonbabu gatnaşdy. Festiwalyň dowamynda şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hindi kinematografiýasynyň bäş meşhur filmini mugt tomaşa etmek…

Lebap.biz saýtynyň habar bermegine görä, Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde hindi kino günleri açyldy. Dabaranyň açylyş çäresi Medeniýet öýünde geçirilip, oňa Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu gatnaşdy.

2026-njy ýylyň 11–13-nji noýabry aralygynda geçirilen festiwalyň çäklerinde şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hindi kinematografiýasynyň meşhur bäş filmini mugt tomaşa etmek mümkinçiligi döredildi.

Medeni çäräniň esasy maksady Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny we ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Festiwal arkaly türkmenistanly tomaşaçylar dostlukly ýurduň baý medeniýeti, milli däp-dessurlary hem-de häzirki zaman sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Guramaçylaryň bellemegine görä, dürli ýaşdaky tomaşaçylar tarapyndan kino görkezilişlerine uly gyzyklanma bildirildi. Çäreler dostlukly we hoşniýetli ýagdaýda geçirildi.

Источник: Amul Info