Ýewropada ýolbars çybynynyň ýaýramagy tropiki ýokanç keselleriň töwekgelçiligini artdyrýar

Amul Info ·

Ýewropada ýolbars çybynynyň ýaýramagy tropiki ýokanç keselleriň töwekgelçiligini artdyrýar

Ýewropada Aziýadan gelip çykan ýolbars çybynynyň (Aedes albopictus) ýaýramagy dengue gyzdyrmasy, çikungunýa we Zika ýaly tropiki keselleriň ýerli derejede ýüze çykmak howpuny artdyrýar. Portugaliýada bu mör-möjekleriň sanyny azaltmak maksady bilen 30 müň önelgesiz erkek çybyn tebigata goýberildi.…

Ýewropa ýurtlarynda Aziýadan gelip çykan ýolbars çybynynyň (Aedes albopictus) ýaýramagy dengue gyzdyrmasy, çikungunýa we Zika wirusy ýaly tropiki ýokanç keselleriň ýerli derejede ýüze çykmak howpuny ýokarlandyrýar. Howanyň maýlamagy we halkara gatnawlaryň artmagy bilen baglylykda, Ýewropa ýurtlary bu mör-möjekleriň sanyna gözegçiligi güýçlendirýär, epidemiologik gözegçilik ulgamlaryny kämilleşdirýär hem-de ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy taýýarlyk görýär. Bu barada «Euronews» habar berýär.

Şeýle çäreleriň biri Portugaliýada amala aşyryldy. Sentýabr aýynda Lissabonda ýolbars çybynynyň 30 müň sany önelgesiz erkek osoby tebigata goýberildi. Bu şeýle usulyň ikinji gezek ulanylmagydyr. Şöhlelendirme arkaly önelgesiz edilen erkek çybynlar urkaçylar bilen jübütleşip bilýär, emma olaryň nesli döremeýär. Bu usul mör-möjekleriň sanyny azaltmaga gönükdirilendir.

Çybynlaryň ýaýramagyndan ýerli ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna çenli

Günorta-Gündogar Aziýadan gelip çykan ýolbars çybyny 1990-njy ýyllarda ulanylan awtoulag tekerleriniň üsti bilen Italiýa aralaşypdyr diýlip çaklanylýar. Soňra ol Fransiýa, Ispaniýa, Germaniýa, Şweýsariýa we Ýewropanyň beýleki ýurtlaryna ýaýrapdyr.

Esasy howp diňe bir çybynyň ýaşaýan çäkleriniň giňelmegi bilen çäklenmän, ýokanç keselleriň ýerli derejede ýokuşmak mümkinçiligi bilen hem baglanyşyklydyr. Keselleriň giňden ýaýran sebitlerinden gelen syýahatçylar wiruslary özleri bilen getirip bilerler. Olary ýerli çybyn çakanda, mör-möjek wirusy beýleki adamlara geçiriji bolup biler.

Gözegçilik we öňüni alyş çäreleri

Ýewropaly hünärmenleriň bellemegine görä, eýýäm belli bir sebitde ornaşan çybynlaryň populýasiýasyny doly ýok etmek örän kyn. Şonuň üçin esasy üns birnäçe usulyň utgaşykly ulanylmagyna gönükdirilýär. Olaryň hatarynda çybynlaryň sanyna gözegçilik etmek, ýokanç keselleri ir ýüze çykarmak we saglygy goraýyş edaralarynyň taýýarlygyny ýokarlandyrmak bar.

Bu işlerde ilatyň gatnaşmagy hem möhüm ähmiýete eýedir. Mysal üçin, Mosquito Alert ykjam goşundysy ýaşaýjylara täze sebitlerde ýolbars çybynynyň peýda bolandygy barada habar bermäge mümkinçilik döredýär. Şeýle maglumatlar mör-möjekleriň ýaýraýan çäklerindäki üýtgeşmeleri yzarlamaga ýardam edýär.

Ekologik epidemiolog Ýan Semensanyň baha bermegine görä, çybynlar her ýyl takmynan 60 kilometr demirgazyga tarap ýaýraýar, ýokanç keselleriň ýüze çykýan sebitleriniň çäkleri bolsa has çalt giňelýär.

Goşmaça gözegçilik usullarynyň biri hem lagym suwlaryny barlamakdyr. Ýewropa Bileleşiginiň Saglyk ulgamyndaky adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we dessin jogap bermek boýunça edarasy — HERA-nyň goldawy bilen geçirilýän bu gözegçilik, kesellän adamlar lukmançylyk kömegine ýüz tutmazdan ozal wiruslaryň ýaýramagynyň alamatlaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.

HERA täze anyklaýyş usullaryny işläp taýýarlamak üçin 10 million ýewro gönükdirýär. Şeýle hem edara wirusa garşy derman serişdelerini we sanjymlary döretmek boýunça ylmy barlaglary goldaýar.

Beýleki usullaryň hatarynda çybynlaryň wiruslary geçirmek ukybyny peseltmek üçin ulanylýan Wolbaçia (Wolbachia) bakteriýasy hem bar. Şeýle-de bolsa, hünärmenler aýratynlykda alnan usullaryň hiç biriniň bu meseläni doly çözüp bilmejekdigini belleýärler.

Ýolbars çybynynyň ýaýraýan çäkleriniň giňelmegi Ýewropa ýurtlaryndan diňe bir mör-möjeklere garşy göreşmegi däl, eýsem saglygy goraýyş ulgamynyň toplumlaýyn taýýarlygyny hem talap edýär. Çybynlaryň sanyna gözegçilik etmek, ýokanç keselleri ir anyklamak, derman serişdeleriniň elýeterliligini üpjün etmek we ilatyň arasynda düşündiriş işlerini geçirmek öňüni alyş çäreleriniň özara baglanyşykly ugurlary bolup durýar. Şeýlelikde, ozal esasan tropiki sebitlere mahsus hasaplanan ýokanç keseller Ýewropanyň hem saglygy goraýyş ulgamy üçin möhüm meselä öwrülýär.

Источник: Amul Info