Türkmen oba hojalyk instituty talyplary halkara ylmy taslamalar bäsleşigine çagyrýar

Amul Info ·

Türkmen oba hojalyk instituty talyplary halkara ylmy taslamalar bäsleşigine çagyrýar

Türkmen oba hojalyk instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplary «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşe tarap» atly III halkara ylmy taslamalar bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Bäsleşik 2026-njy ýylyň 11–12-nji noýabrynda onlaýn görnüşde geçiriler. Gatnaşmak…

Türkmen oba hojalyk instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplary «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşe tarap» atly III halkara ylmy taslamalar bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Bäsleşik 2026-njy ýylyň 11–12-nji noýabrynda onlaýn görnüşde geçiriler.

Bäsleşige ýokary okuw mekdeplerinde okaýan, ylmy taslamalara gyzyklanma bildirýän ähli talyplar gatnaşyp bilerler. Gatnaşmak üçin hünär ugruna ýa-da okuw ýylyna çäklendirme goýulmaýar. Çäräniň resmi dilleri türkmen, iňlis we rus dilleridir.

Bäsleşik iki tapgyrda geçiriler. Ol oba hojalygyny durnukly ösdürmek we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine ýardam bermegi maksat edinýär.

Ylmy taslamalar üç ugur boýunça kabul edilýär. Olar oba hojalygyna degişli taslamalary, maglumat tehnologiýalary (IT) boýunça taslamalary we işewürlik taslamalaryny öz içine alýar.

Bäsleşige hödürlenýän işler bir talyp ýa-da iki talypdan köp bolmadyk awtorlar topary tarapyndan taýýarlanyp bilner. Gatnaşyjylar saýlap alan ugry boýunça ylmy taslamanyň ýazmaça beýanyny eminler toparyna hödürlemeli we işiň mazmunyny prezentasiýa arkaly tanyşdyrmalydyrlar.

Taslamalara baha berlende olaryň derwaýyslygy, täzeligi, mazmunynyň baýlygy, gerimi, durmuşa geçirmek mümkinçiligi we daşky gurşawa ýetirjek täsiri ýaly alty sany esasy ölçeg göz öňünde tutulýar. Gatnaşyjylaryň netijeleri görkezilen ölçegler boýunça toplan ballarynyň jemi esasynda kesgitlener. Ýeňijilere Türkmen oba hojalyk institutynyň adyndan I, II we III derejeli diplomlar gowşurylar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýän talyplar 2026-njy ýylyň 5-nji noýabryna çenli özleri baradaky maglumatlary institutyň resmi saýtynda ýerleşdirilen goşunda laýyklykda taýýarlap, tohi.tm.info@gmail.com elektron poçta salgysyna ugratmalydyrlar.

Bäsleşigiň düzgünleri, gatnaşmagyň şertleri we ýüz tutmak üçin zerur maglumatlar bilen Türkmen oba hojalyk institutynyň resmi saýtynda tanşyp bolýar.

Halkara bäsleşigi geçirmekden esasy maksat talyplaryň ylmy pikirlenişini, barlag geçirmek başarnyklaryny we döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, şeýle hem olary oba hojalygyndaky möhüm meseleleriň çözgüdini özbaşdak gözlemäge höweslendirmekden ybaratdyr.

Guramaçylaryň bellemegine görä, bu çäre ýaşlaryň oba hojalygyny durnukly ösdürmek baradaky bilimlerini artdyrmaga, ylmy çemeleşmeleri amaly meseleleriň çözgüdinde ulanmaga hem-de oba hojalyk pudagy üçin innowasion we netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak başarnyklaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berer.

Источник: Amul Info