Güýzde açylýan güller: tebigatyň pasyl gözelligi

Amul Info ·

Güýzde açylýan güller: tebigatyň pasyl gözelligi

Güýzde açylýan güller: tebigatyň pasyl gözelligi 🌸🍂 Güýzde agaçlaryň ýapraklary saralyp başlanýan hem bolsa, tebigat güller arkaly öz gözelligini dowam etdirýär. Şol gülleriň biri hem ehinaseýadyr. Demirgazyk Amerikadan gelip çykan ehinaseýa güýzüň başynda ak, gülgüne, sary we gyzyl reňklerde…

Her paslyň özüne mahsus tebigy aýratynlygy we gözelligi bar. Güýz paslynda agaçlaryň ýapraklary saralyp, tebigat gyş paslyna taýýarlyk görüp başlan wagtynda-da dürli ösümlikler öz gözelligini güller arkaly görkezmegini dowam etdirýär.

Tebigatda gezelenç wagty käbir ösümlikleriň edil ýaz paslyndaky ýaly gülläp oturandygyny görmek bolýar. Güýzde açylýan güller özüniň dürli reňkleri we özboluşly görnüşleri bilen daş-töwerege aýratyn öwüşgin berýär.

Şol gülleriň biri hem ehinaseýa dyr.

Çogdam güllüler maşgalasyna degişli bolan ehinaseýa güýz paslynyň başynda ak, gülgüne, sary we gyzyl reňklerde gülleýär. Daşky görnüşi günebakara meňzeýän bu ösümlik Demirgazyk Amerikanyň ýerli ösümlikleriniň biri hasaplanýar.

Ehinaseýa seýilgählerde we baglarda bezeg hem-de sowgatlyk maksatlar üçin ösdürilip ýetişdirilýär. Ösümligiň boýy 1–2 metre çenli ýetip bilýär. Çogdam görnüşde ýygnalanda has-da owadan görünýän güli özboluşly görnüşi bilen tapawutlanýar.

Ehinaseýanyň gül düýbündäki tohumly bölegi tikenli bolýar. Hut şu aýratynlygy sebäpli onuň adynyň gelip çykyşy hem gyzyklydyr. «Ehinaseýa» sözi latyn dilinden gelip çykyp, «tikenli» diýen manyny aňladýar.

Güýz paslynda ehinaseýa baglaryň we seýilgähleriň bezegine öwrülýär. Ol diňe medeni şertlerde däl, eýsem jülgelerde we açyk tokaýlarda ýabany görnüşde hem ösýär.

Şeýle ösümlikler güýz paslynyň diňe sary ýapraklaryň pasly däldigini, eýsem tebigatyň dürli güller arkaly öz gözelligini dowam etdirýän döwrüdigini görkezýär.

Источник: Amul Info