Türkmenistanyň DIM-inde BMG-Habitatyň wekili bilen duşuşyk geçirildi
Turkmenistan RSS Feed ·
2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) sebitara geňeşçisi Katýa Şeferiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-Habitat bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda şäherleriň we ilatly nokatlaryň durnukly ösüşi, şähergurluşyk syýasatyny kämilleşdirmek hem-de çäkleri meýilleşdirmegiň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem söhbetdeşler Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-Habitatyň arasynda baglaşylan Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň amaly meselelerine garadylar. Gepleşikleriň gün tertibinde 2027–2031-nji ýyllar üçin Ýurt boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasyny taýýarlamak bilen bagly meseleler, şol sanda geljekki döwür üçin özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek aýratyn orun eýeledi.
Bellenilişi ýaly, bu işler 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda BMG-niň Gün tertibiniň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu Gün tertibi açyk, howpsuz, durnukly we ekologiýa taýdan abadançylygy üpjün edilen şäherleri hem-de ilatly nokatlary döretmegi göz öňünde tutýar.
Duşuşyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, amaly netijeleri gazanmaga, halkara tejribesini alyşmaga hem-de Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen şähergurluşyk ulgamynda häzirki zaman çemeleşmelerini ornaşdyrmaga taraplaryň özara gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.