TIF 2026: daşary ýurt wekilleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny bellediler

Amul Info ·

TIF 2026: daşary ýurt wekilleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny bellediler

Aşgabatda geçirilýän TIF 2026-da Beýik Britaniýanyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň wekilleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada çykyş etdiler. Gepleşiklerde maýa goýumlar, döwrebap tehnologiýalar, hünärmenleri taýýarlamak, sanlylaşdyrma, ýaşyl energetika we…

Aşgabatda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2026) dürli ýurtlaryň hökümet wekillerini, diplomatlaryny we ösüş institutlarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemläp, ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.

Forumda çykyş eden Beýik Britaniýanyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň wekilleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň maýa goýumlar bilen çäklenmän, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak, halkara üpjünçilik zynjyrlaryna goşulyşmak we Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda multimodal ulag-logistika mümkinçiliklerini ösdürmek ýaly ugurlary hem öz içine alýandygyny bellediler.

Beýik Britaniýa: maliýe gurallary we hünär goldawy

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon çykyşynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň tehnologiýalary, hünärli işgärleri, halkara hukuk tejribesini we dünýä maliýe bazarlaryna çykmak mümkinçiliklerini bir wagtda hödürläp biljek hyzmatdaşlara mätäçdigini aýtdy.

Diplomatyň bellemegine görä, britan tarapy bu ugurda UK Export Finance (UKEF) eksport-karz agentliginiň mümkinçiliklerini hödürleýär. Agentlik iri şertnamalaryň bahasynyň 85 göterimine çenli kepillik berip, 200 million funt sterlinge çenli göni karzlaşdyrma mümkinçiliklerini hödürläp bilýär. Şeýle hem ol taslamalaryň başlangyç tapgyryndaky gözleg işlerini we tehniki-ykdysady esaslandyrmalary maliýeleşdirip bilýär.

Britan işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynda ulag, suw serişdelerini dolandyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa, peýdaly magdanlary gaýtadan işlemek we toplumlaýyn inženerçilik ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär.

Ermenistan: Ýewropa bazarlaryna çykmak we «Parahatçylyk çatrygy» başlangyjy

Ermenistanyň ykdysadyýet ministri Gevorg Papoýan maýa goýumlaryň netijeliliginiň önümçilik kuwwatynyň ýokarlanmagy we adam kapitalynyň ösdürilmegi bilen kesgitlenýändigini belledi.

Ermenistan Türkmenistany Hazar sebitiniň möhüm energetika we üstaşyr ulag merkezleriniň biri hökmünde görýär. Şol bir wagtyň özünde ermeni tarapy Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň bazaryna çykmak, tehnologik çözgütlerden peýdalanmak we Ýewropa Bileleşigi bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek babatda öz mümkinçiliklerini hödürleýär.

Çykyşda Ermenistanyň «Parahatçylyk çatrygy» başlangyjynyň çägindäki TRIPP multimodal ulag ugry hem aýratyn bellenildi. Bu ugruň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hazar deňziniň portlary arkaly Günorta Kawkazdan Türkiýä we Ýewropa çykýan goşmaça ulag ýoluny peýdalanmagyna mümkinçilik döredip biler. Şeýle hem bu ugur Eýran arkaly «Demirgazyk–Günorta» halkara ulag geçelgesi bilen baglanyşyp biler.

Gyrgyzystan: sanlylaşdyrma, ýaşyl energetika we sebit hyzmatdaşlygy

Gyrgyzystanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli maýa goýum agentliginiň direktory Rawşanbek SabiroW Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady ösüşleriniň özara baglanyşyklydygyny belledi.

Ol Gyrgyzystanda durmuşa geçirilýän iri başlangyçlaryň, şol sanda «Asman City» ekologiýa şäheriniň, iňlis hukugy esasynda döredilýän «Tamçy» ýörite ykdysady çäginiň we Hytaý–Gyrgyzystan–Özbegistan demir ýolunyň mümkinçilikleri barada maglumat berdi.

Gyrgyzystanyň wekili Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde maýa goýum taslamalary üçin «ýaşyl» energetika, nebit önümlerini we tebigy gazy üpjün etmek, telekommunikasiýalar, dokma senagaty, logistika we syýahatçylyk ýaly ugurlary geljegi uly ugurlar hökmünde görkezdi.

Şeýle hem gyrgyz tarapy türkmen maýadarlaryna «bir penjire» ýörelgesi boýunça doly goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Türkiýe: üpjünçilik zynjyrlaryny berkitmek we söwda dolanyşygyny artdyrmak

Türkiýäniň söwda ministriniň orunbasary Mahmut Gürjan häzirki dünýä söwdasynda bolup geçýän üýtgeşmeleriň logistika strategiýalaryna hem täsir edýändigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, geosyýasy ýagdaýlar kompaniýalary «just-in-time» — zerur wagtynda üpjün etmek modelinden üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrýan «just-in-case», «nearshoring» we «friend-shoring» ýaly çemeleşmelere geçmäge itergi berýär.

Bu şertlerde Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Türkiýe kompaniýalary Türkmenistanyň dokma, gurluşyk, energetika we gaýtadan işleýän senagat pudaklarynda eýýäm iş alyp barýarlar. Häzirki wagtda bolsa tehnologiýa we önümçilik hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirilýär.

Türkiýäniň wekili «Galkynyş» gaz käniniň mümkinçiliklerini we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ähmiýetini belläp, ammar toplumlaryny, logistika merkezlerini ösdürmegiň hem-de gümrük amallaryny sanlylaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Bu çäreleriň üpjünçilik zynjyrlarynda ýüze çykyp biljek bökdençlikleriň täsirini azaltmaga we iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň öňde goýan özara söwda dolanyşygyny 5 milliard ABŞ dollaryna ýetirmek baradaky maksadyna goşant goşmagyna garaşylýar.

TIF 2026-nyň çäklerinde geçirilen çykyşlar Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynda maýa goýumlaryň, tehnologiýalaryň, logistika infrastrukturasynyň we sebitara ykdysady arabaglanyşyklaryň barha möhüm orun eýeleýändigini görkezdi.

Источник: Amul Info