Türkmenistanly türgen Abbas Abasowyň indiki tutluşygy 20-nji noýabrda geçiriler
Amul Info ·

Türkmenistanly söweşiji Abbas Abasow 20-nji noýabrda ABŞ-nyň Arizona ştatynyň Finiks şäherinde geçiriljek «LFA 247» ýaryşynda argentinaly Lukas Ganin bilen duşuşar. Ýeňil-orta (featherweight) agram derejesindäki tutluşyk «Arizona Financial Theatre» sport toplumynda geçiriler. Abbas Abasowyň…
Türkmenistanly türgen Abbas Abasowyň halkara arenadaky nobatdaky tutluşygynyň geçiriljek senesi we garşydaşy belli boldy.
Abbas Abasow 20-nji noýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Arizona ştatynyň Finiks şäherinde geçiriljek «LFA 247» ýaryşynda çykyş eder. Duşuşyk «Arizona Financial Theatre» sport toplumynda guralar. Tutluşyk ýeňil-orta (featherweight) agram derejesinde geçiriler.
Türkmenistanly türgeniň bu gezekki garşydaşy argentinaly söweşiji Lukas Ganin bolar. Türgenleriň ozalky çykyşlarynyň netijeleri boýunça Abbas Abasowyň hasabynda 6 ýeňiş we 1 ýeňliş, Lukas Ganiniň hasabynda bolsa 9 ýeňiş we 3 ýeňliş bar.
20-nji noýabrda geçiriljek «LFA 247» ýaryşyndaky duşuşyk türkmenistanly türgeniň halkara sport arenasyndaky nobatdaky çykyşy bolar.