Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
Turkmenistan RSS Feed ·
Dünýä döwletleri we halklary bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak hem-de dostluk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ösdürmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň gazanýan üstünlikleri we ýetýän belent sepgitleri behişdi bedewlerimiziň batly gadamlaryna deňelýär.
Mälim bolşy ýaly, milli we dünýä medeniýetiniň naýbaşy nusgasy hasaplanýan ahalteke atlary häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleriniň, döwürleriň we nesilleriň dowamatlylygynyň nyşanyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi halklaryň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak, özboluşly medeni mirasymyzyň gymmatlyklaryny wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işleri has-da işjeňleşdirmäge ýardam berdi. 2024-nji ýylda ýurdumyzyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem muny doly tassyklaýar.
Şu ýylyň şygarynyň many-mazmunyny giňden dabaralandyrmak, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende götermek, atçylyk sportuny ösdürmek, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ulgamda netijeli gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, ýurdumyzda we daşary döwletlerde iri çäreler geçirilýär.
Dokuz aýyň dowamynda Türkmenistanyň ilçihanalarynyň we konsullyklarynyň işgärleri, şeýle hem halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary tarapyndan şu ýylyň şygaryna, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan birnäçe maslahatlardyr forumlar, dabaraly duşuşyklar hem-de brifingler, okuw maslahatlary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, sergiler guraldy.
Hususan-da, 14-nji maýda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Žusup Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetinde «Türkmenistan: dil, edebiýat, taryh we medeniýet» atly halkara maslahat geçirildi. Çärä bu uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.
Çykyş edenler 2026-njy ýylyň şygarynyň ähmiýetini, onuň diňe bir Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we halkara abraýyny däl, eýsem, halkyň täze üstünliklere, ösüşe we rowaçlyga bolan ymtylyşyny hem alamatlandyrýandygyny nygtadylar.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilýän Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda durnukly ösüş we sagdyn durmuş ýörelgelerini, ekologiýa medeniýetini, halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen birnäçe köpçülikleýin sport çäreleri geçirildi. Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky, Rumyniýadaky, Fransiýa Respublikasyndaky, Gruziýadaky, Saud Arabystany Patyşalygyndaky, Türkiýe Respublikasyndaky, Gazagystan Respublikasyndaky, Özbegistan Respublikasyndaky, Azerbaýjan Respublikasyndaky, Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanalary, şeýle hem Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsullygy we Birleşen Arap Emirliklerindäki (Dubaý şäheri) baş konsullygy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan welosipedli ýörişler guraldy.
Türkmenistanyň sport diplomatiýasyny ösdürmäge, halklaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň giňden goldanylýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolan bu çärelere diplomatik wekilhanalaryň, türkmen jemgyýetçiliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtlarda bilim alýan talyplarymyz hem-de welosiped sportunyň muşdaklary gatnaşdylar.
Mundan başga-da, Wenada ekologik taýdan arassa ulag serişdesini, sagdyn durmuş ýörelgesini we durnukly ösüşi giňden wagyz etmek maksady bilen welosipedli ýöriş geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Niderlandlar Patyşalygynyň, Bolgariýa Respublikasynyň we Kolumbiýa Respublikasynyň ilçihanalary bilen bilelikde, şeýle hem «Radlobby Österreich» welosiped assosiasiýasynyň hem-de «WienMobil» guramasynyň goldaw bermeginde guraldy. Oňa 100-den gowrak adam, şol sanda diplomatik korpusyň, Wenadaky halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, türkmen raýatlary, Awstriýanyň paýtagtynyň ýaşaýjylary hem-de myhmanlar gatnaşdylar.
3-nji iýunda «Daşkent irrigasiýa we oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak inženerleri instituty» Milli ylmy-barlag uniwersitetinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan medeni-tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Oňa diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Çäräniň çäklerinde konsert maksatnamasy guralyp, Garaşsyzlyga, parahatçylyga, dostluga we iki ýurduň baý medeni mirasyna bagyşlanan türkmen we özbek dillerindäki aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
Şol gün Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki ilçihanasynda Pakistan Yslam Respublikasynyň parlament işleri boýunça federal ministri bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar sebitleýin durnuklylygyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän dürli ulgamlarda, hususan-da, energetika, ulag, söwda, maýa goýum we ynsanperwerlik ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda şanly senä — ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna aýratyn üns çekildi.
Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramy we 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli 9-njy iýunda Buharest şäherindäki Milli rumyn daýhançylyk muzeýinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy tarapyndan guralan «Türkmenistan: Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy — mirasyň we medeniýetiň baýramy» atly medeni serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Sergide milli amaly-haşam sungatynyň eserleri, haly önümleri, milli egin-eşikleriň we şaý-sepleriň nusgalary, fotosuratlar, şeýle hem Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan neşirler görkezildi.
11-nji iýunda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy Denizli şäheriniň Pamukkale uniwersiteti bilen bilelikde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de şanly ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygaryna bagyşlanan ylmy maslahaty geçirdi. Çykyşlaryň dowamynda Watanymyzyň Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we döredijilikli ösüş ýörelgelerine ygrarlylygyny aňladýan şygaryň ähmiýeti nygtaldy.
Şol gün Denizli şäherinde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan fotosergi hem açyldy. Mundan başga-da, bilim, medeni-ynsanperwer we söwda-ykdysady ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi bilen bagly meselelere bagyşlanan birnäçe duşuşyklar geçirildi.
10-njy iýulda Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisiniň Gazagystan Respublikasynyň Atly sport federasiýasynyň prezidenti Rustam Baýalyýew bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda atçylyk sporty ulgamynda özara hyzmatdaşlygy giňeltmek, milli atçylyk däplerini gorap saklamak we wagyz etmek, şeýle hem bilelikdäki çäreleriň geljegi bilen bagly meselelere garaldy. Türkmen halkynyň milli baýlygy bolan we özboluşly häsiýetleri bilen bütin dünýäde ykrar edilen ahalteke tohumynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.
17-18-nji iýulda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçihanasy hem-de Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan Waşington şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi. «Türkmenistan — ABŞ hyzmatdaşlygy: Garaşsyzlygy, dostlugy we umumy geljegi dabaralandyrmak» atly “tegelek stol” maslahaty çäreleriň esasy bölegi boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, bu çäräniň çäklerinde türkmen amaly-haşam sungatynyň eserlerini, milli egin-eşikleri, kitaplary, neşir önümlerini we beýleki eksponatlary özünde jemlän sergi ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem dostlukly küşt ýaryşy geçirilip, ýaryşyň ýeňijileri medallar we şahadatnamalar bilen sylaglanyldy. Çäreler toplumy futbol duşuşygy bilen tamamlandy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
29-njy iýulda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň (Astrahan şäheri) mejlisler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa diplomatlar, Türkmen medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek boýunça Astrahanyň sebitleýin jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy we wekilleri hem-de Astrahan oblastynda bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar.
15-nji awgustda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçisi bilen EYR-nyň Atly sport federasiýasynyň prezidenti Mahmud Heýdariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar atly sport ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçirilýän çäreler barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen bir hatarda, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň ugurdaş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň hem-de iki ýurtda bilelikdäki atçylyk bäsleşiklerini guramagyň mümkinçiliklerini öwrenmek teklip edildi.
21-nji awgustda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçihanasynda geçirilen maslahatda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda geçirilýän çäreler barada giňişleýin maglumat berildi. Döwletimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we ösdürmekde gazanylan üstünliklerdir netijeler barada aýdyldy. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýylyň 24-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde kabul edilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama bilen tanyşdyryldy. 78 döwletiň awtordaş bolup çykyş eden, döwletleriň we halklaryň arasynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen bu Kararnama Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň nobatdaky üstünligi hökmünde bellenildi.
28-nji awgustda Abu-Dabi şäherinde geçirilen «ADIHEX» Halkara awçylyk we atçylyk sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisiniň BAE-niň Arap atlary jemgyýetiniň baş direktory Mohammed Ahmed Al Harbi bilen duşuşygy geçirildi. Onda atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Emirlikler tarapy Jemgyýetiň wekiliýetiniň şu ýylyň 5 — 7-nji awgustynda Türkmenistana amala aşyran saparyna ýokary baha berip, geçirilen duşuşyklaryň mazmunly häsiýete eýe bolandygyny belledi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary, şeýle hem Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda we Atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde döredilen şertlerdir mümkinçilikler myhmanlarda aýratyn täsirleri galdyrdy.
Şeýle hem sentýabr aýynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda we konsullyklarynda, şol sanda Gazagystan Respublikasynda, Koreýa Respublikasynda, Pakistan Yslam Respublikasynda, Rumyniýada ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesine, ýylyň şygaryna hem-de BMG-niň «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamasyna bagyşlanan maslahatlaryň, duşuşyklaryň, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleriň hem-de sergileriň guralandygyny bellemek gerek.
9-njy sentýabrda Pakistanyň Yslamabat şäherindäki Lok Wirsa halk mirasy muzeýinde dostlugy, özara hormat goýmagy we halklaryň arasynda düşünişmegi berkitmekde medeni diplomatiýanyň hem-de ynsanperwer dialogyň uly ähmiýetini tassyklaýan möhüm çäre geçirildi. Bu ýerde Ýewraziýa halklarynyň dostluk forumy tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň we Russiýa Federasiýasynyň ilçihanalary bilen bilelikde hem-de Pakistanyň Milli halk we däp-dessur mirasy institutynyň ýardam bermeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk günlerine bagyşlanan konsert guraldy.
21-nji sentýabrda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň bu ýurduň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkezi bilen bilelikde guramagynda Duşanbe şäherinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy: türkmen-täjik dostlugynyň we çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň täze ugurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri we geljegi uly ugurlary boýunça pikir alşyldy. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym-bilim we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns çekildi.
Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan guralan sergi we fotosergi myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyna, medeniýetine we häzirki döwürde gazanan üstünliklerine bagyşlanan neşirler görkezildi. Fotosergi bolsa halkymyzyň milli baýlygy we buýsanjy bolan ahalteke bedewlerimize bagyşlandy.
25 — 27-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen «The Centaurus Mall» söwda merkeziniň uly daşky ekranynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan wideoşekilleriň görkezilişi guraldy. Olaryň üsti bilen Pakistanyň paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary häzirki zaman Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, durmuş-ykdysady ösüşi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
27-nji sentýabrda Ankaranyň iň belent binalarynyň biri bolan, beýikligi 140 metre ýetýän Türkiýäniň Söwda-senagat edaralary we biržalary birleşiginiň binasy ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen bezeldi. Baýramçylyk bezegi binanyň ýüzünde türkmeniň milli göllerini, ýarym Aýy we bäş ýyldyzy şöhlelendirip, iki ýurduň arasyndaky dost-doganlygyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Şeýlelikde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli diplomatik wekilhanalar tarapyndan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň maý — sentýabr aýlary aralygynda guralan çäreler eziz Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende göterilýändiginiň, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň, ýurdumyzyň bedew batly üstünliklerine gyzyklanmanyň barha artýandygynyň nobatdaky beýany boldy.