«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
Turkmenistan RSS Feed · · asgabat, ashgabat
Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!
Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu giň gerimli forum ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary, nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullary barada pikir alyşmaga mümkinçilik döredýär. Halkara maslahat we ugurdaş geçirilýän sergi innowasiýalar, döwrebap işläp taýýarlamalar hem-de täze taslamalar bilen içgin tanyşmaga ýardam edýär.
Eziz watandaşlar! Gadyrly myhmanlar!
Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, sebit we dünýä halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge hem gönükdirýär. Bu ugurda tagallalary birleşdirmek öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň möhüm şertleriniň biridir. Şoňa görä-de, ýangyç-energetika toplumynyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmek, logistika kuwwatyny berkitmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.
Gory boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käni türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen halkara bazarlara çykarmagyň esasy çig mal çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bu gaz käni tapgyrlaýyn hem-de maksatnamalaýyn esasda özleşdirilýär. Şu ýylyň aprel aýynda «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilmegi taryhy ähmiýetli waka boldy. Bu uly taslama ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmekde, mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini has-da artdyrmakda möhüm ädime öwrüldi.
Häzirki döwürde ýurdumyz tebigy gazyň eksport ugurlaryny artdyrmaga uly ähmiýet berýär. Bu ugurdaky möhüm taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini görkezmek bolar. Bu iri gaz geçirijiniň gurulmagy sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, goňşy we sebitiň döwletleriniň halklarynyň abadançylygyna, olaryň gülläp ösmegine gönükdirilendir. Onuň möhüm tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylmagy bu ugurda uly öňegidişlikleriň gazanylýandygyna doly şaýatlyk edýär.
Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlylandyrylan deňiz toplumlary hem üstünlikli özleşdirilýär. Bu ugurda öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalary bilen 30 ýylyň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Biz şeýle taslamalary geljekde hem durmuşa geçirmegi dowam etdireris.
Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!
Ýurdumyzda nebitiň, gaz kondensatynyň täze ýataklaryny açmak, olaryň senagat derejeli gorlaryny artdyrmak, geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebit-gazly ýataklary özleşdirmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Ykdysadyýeti toplumlaýyn diwersifikasiýalaşdyryp, kuwwatly senagat döwletine öwrülýän ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynda» uglewodorod serişdelerini gaýtadan işläp, ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmäge gönükdirilen wezipeler göz öňünde tutuldy. Bu işleri ýerine ýetirmekde ekologiýa abadançylygynyň talaplaryna berk eýerip, daşky gurşawy aýawly saklamak, zyýanly gazlaryň täsirini peseltmek babatda giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan geljekde hem deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisine giň mümkinçilikleri açmagy dowam etdirer. Daşary ýurt işewürlerine geljegi uly taslamalara maýa goýumlaryny gönükdirmäge ähli şertleri döreder. Şoňa görä-de, şu ýyl 31-nji gezek ýokary derejede geçirilýän halkara maslahatyň we serginiň milli hünärmenlerimiz bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.
Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar!
Sizi «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglygyny, abadan we bagtyýar durmuşy, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.