Tokaýew Russiýanyň Türki Döwletleriň Guramasyna goşulmagyny teklip etdi

Amul Info ·

Tokaýew Russiýanyň Türki Döwletleriň Guramasyna goşulmagyny teklip etdi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitinde Russiýanyň gurama goşulmagyny ýa-da oňa synçy hökmünde gatnaşmagyny teklip etdi. Onuň pikirine görä, bu başlangyç türki dünýä bilen taryhy we medeni gatnaşyklary ösdürmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygy…

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Russiýanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) işine goşulmagynyň ýa-da gurama synçy hökmünde gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Ol bu teklibi Ankarada geçirilen TDG-niň XIII sammitinde öňe sürdi.

Gazagystanyň döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, guramanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak we hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin «Türki Döwletleriň Guramasy+» formatynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak möhümdir. Bu barada «Kazinform» habarlar agentligi «Akorda» salgylanyp habar berdi.

Tokaýew Russiýanyň türki dünýä bilen asyrlarboýy ýakyn taryhy we medeni gatnaşyklarynyň bardygyny, ýurduň çäginde köp sanly türki halklaryň ýaşaýandygyny nygtady. Şeýle hem ol Russiýanyň «Altaý — türki siwilizasiýasynyň sallançagy» atly taslamany öňe sürýändigini we Gazagystanyň bu başlangyjy goldaýandygyny belledi.

Prezidentiň pikirine görä, Russiýanyň guramanyň işine goşulmagy ýa-da synçy derejesinde gatnaşmagy ähli agza döwletler üçin peýdaly bolup biler.

Tokaýew çykyşynda Türki Döwletleriň Guramasynyň türki dünýäsiniň agzybirligini pugtalandyrmaga we döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän özboluşly halkara düzümdigini hem aýratyn nygtady.

Источник: Amul Info