«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2026-njy ýylyň 18-nji awgustynda çykaran 211-iş belgili buýrugy
TÜRKMENISTANYŇ ADALAT MINISTRLIGI ·
«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2026-njy ýylyň 18-nji awgustynda çykaran 211-iş belgili buýrugy «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň käbir kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetme girizmek we käbir kadalaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda 2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda kabul edilen «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna hem-de 2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda kabul edilen «Sertifikatlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, buýurýaryn: 1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2014-nji ýylyň 11-nji iýunynda 766 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Döwlet akkreditasiýasynyň (attestasiýasynyň) Tertibini tassyklamak hakynda» «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2014-nji ýylyň 30-njy maýynda çykaran 1/115 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Döwlet akkreditasiýasynyň (attestasiýasynyň) Tertibiniň mazmunynda «3 (üç) ýyla çenli» diýen sözleri «3 (üç) ýyl» diýen sözlere çalşyrmaly. 2. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2014-nji ýylyň 15-nji iýulynda 778 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Hyzmatlary sertifikatlaşdyrmagyň Tertibini tassyklamak barada» «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2014-nji ýylyň 2-nji iýulynda çykaran 1/143 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Hyzmatlary sertifikatlaşdyrmagyň Tertibiniň bäşinji böleginiň soňky tesimini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli. 3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine «Türkmenstandartlary» baş döwlet ullugynyň başlygynyň orunbasary gözegçilik etmeli. Başlyk M.Hojagulyýew Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2026-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda 1970 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy