Aşgabatdaky Puşkin adyndaky mekdebiň mugallymy «GDA-nyň mugallymlar ligasy» bäsleşiginde ýeňiji boldy

Amul Info · · asgabat, ashgabat

Aşgabatdaky Puşkin adyndaky mekdebiň mugallymy «GDA-nyň mugallymlar ligasy» bäsleşiginde ýeňiji bol…

Aşgabatdaky A. S. Puşkin adyndaky Türkmen-rus bilelikdäki orta mekdebiniň matematika mugallymy Aman Rozyýew «GDA-nyň mugallymlar ligasy – 2026» halkara bäsleşiginde ýeňiji boldy. Ol Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Belarusyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Ermenistanyň wekilleriniň…

Aşgabat şäherindäki A. S. Puşkin adyndaky Türkmen-rus bilelikdäki orta mekdebiniň matematika mugallymy Aman Rozyýew «GDA-nyň mugallymlar ligasy – 2026» atly halkara bäsleşiginde birinji orna mynasyp boldy.

Mugallym üçin bu bäsleşige gatnaşmak ikinji gezek boldy. Birinji orun ugrunda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Belarusyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Ermenistanyň rus dili mugallymlary hem-de dürli derslerden sapak berýän mugallymlary bäsleşdiler.

Aman Rozyýew «Öz ugry boýunça mugallym» diýen ugurda çykyş edip, saýlama tapgyryndan üstünlikli geçdi. Soňra ol bäsleşigiň Moskwa şäherinde geçirilen ýüzbe-ýüz tapgyryna gatnaşdy.

Mekdebiň terbiýeçilik işleri boýunça direktor orunbasary Ýelena Ter bäsleşige ugramazyndan öň kärdeşiniň mugallymlaryň geňeşinde ýeňiş bilen dolanyp geljekdigini wada berendigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, Aman Rozyýew beren wadasynda tapylypdyr. Ýelena Ter mugallymyň sypaýy häsiýetiniň aňyrsynda berk erkiniň we ussatlygynyň bardygyny hem nygtady.

Mugallymyň gazanan üstünligi barada A. S. Puşkin adyndaky Türkmen-rus bilelikdäki umumybilim berýän mekdebiniň agza bolup durýan Daşary ýurtlardaky rus mekdepleriniň assosiasiýasy habar berdi. Bu assosiasiýa Russiýanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen Merkezi maglumat merkezi tarapyndan döredilipdir.

Источник: Amul Info