Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Polşanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Amul Info · · sabat, dashoguz

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Polşanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Polşanyň Sileziýa akademiýasynyň rektory, professor Aleksandr Tadeuş Ostenda we halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň direktory, professor Ýuriý Petrowiç Witkowskiý S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine baryp gördüler.

Polşa Respublikasynyň Sileziýa akademiýasynyň rektory, professor, ylymlaryň kandidaty Aleksandr Tadeuş Ostenda we halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň direktory, professor, ykdysady ylymlaryň doktory Ýuriý Petrowiç Witkowskiý S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde myhmançylykda boldular. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda habar berildi.

Saparyň dowamynda polşaly myhmanlar uniwersitetiň okuw şäherçesine aýlanyp, bu ýerde döredilen şertler we mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Olar okuw merkezlerine, agromeýdança, sport toplumlaryna, tikinçilik sehine, janly tebigatyň muzeýine hem-de ýyladyşhana baryp gördüler.

Uniwersitetde geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň, şol sanda Polşanyň arasyndaky ylym-bilim gatnaşyklaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmegiň ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem hünärmenleri taýýarlamak ugrunda netijeli hyzmatdaşlygyň barha işjeňleşýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda polşaly wekiller Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gurluşy, bilim ulgamynda döredilen mümkinçilikler we gazanylýan üstünlikler bilen tanyşdyryldy.

Источник: Amul Info