Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň 2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda çykaran 136 belgili buýrugy

TÜRKMENISTANYŇ ADALAT MINISTRLIGI ·

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň 2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda çykaran 136 belgili B U Ý R U G Y «Alkogolly önümleriň lomaý we bölek-satuw söwdasynyň Düzgünleri tassyklamak hakynda» 2018-nji ýylyň 1-nji dekabrynda kabul edilen “Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda”, 2014-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda kabul edilen “Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda”, 2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilen “Söwda işi hakynda”, 2014-nji ýylyň 8-nji noýabrynda kabul edilen “Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda”, 2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda kabul edilen “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň kanunlarynyň talaplaryny ýerine ýetirmek we satyjylaryň hem-de sarp edijileriň özara gatnaşyklaryny, şol sanda alkogolly önümleri öndürijileriň we satyn alyjylaryň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, buýurýaryn : 1. Alkogolly önümleriň lomaý we bölek-satuw söwdasynyň Düzgünlerini tassyklamaly (goşulýar). 2. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli: 1) Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 1995-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda 38 bellige alyş belgisi bilen döwlet bellige alnan, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň 1995-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda çykaran 167 belgili buýrugyny; 2) Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 1998-nji ýylyň 10-njy noýabrynda 185 bellige alyş belgisi bilen döwlet bellige alnan, “Türkmenistanyň territoriýasynda alkogolly içgiler we piwo bilen bölek satuw söwdasynyň kadalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň 1998-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda çykaran 217 belgili buýrugyny; 3) Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 1999-njy ýylyň 10-njy iýunynda 213 bellige alyş belgisi bilen döwlet bellige alnan, “Türkmenistanyň territoriýasynda alkogolly içgileriň we piwonyň bölek satuw söwda kadalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň 1999-njy ýylyň 20-nji aprelinde çykaran 75 belgili buýrugyny. 3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi ministriň orunbasary K.Kurbanowa tabşyrmaly. Ministr N.Agahanow Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň 2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda çykaran 136 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy Alkogolly önümleriň lomaý we bölek-satuw söwdasynyň Düzgünleri I bap. Umumy düzgünler 1. Şu Alkogolly önümleriň lomaý we bölek-satuw söwdasynyň Düzgünleri (mundan beýläk - Düzgünler) “Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda”, “Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda”, “Söwda işi hakynda”, “Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy. Düzgünler satyjylaryň hem-de sarp edijileriň özara, şol sanda alkogolly önümleri öndürijileriň we satyn alyjylaryň gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär, şeýle hem, alkogolly önümleriň lomaý we bölek-satuw söwdasy bilen bagly esasy talaplary kesgitleýär. 2. Şu Düzgünler eýeçiliginiň görnüşine garamazdan alkogolly önümleriň dolanyşygyna gatnaşýan ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs - hususy telekeçilere (mundan beýläk - hususy telekeçi), ýuridik şahslara, Türkmenistanyň raýatlaryna, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara degişlidir. 3. Şu Düzgünleriň hereketi sarp edijä satylmak üçin niýetlenen, düzüminde taýýar önümiň möçberiniň bir ýarym göteriminden köp etil spirti bolan taýýar alkogolly önümleriň şu toparlaryna degişli bolup durýar: 1) likýor-arak önümlerini hem goşmak bilen, spirtli içgilere; 2) çakyr önümlerine, muňa çakyr çig maly degişli däldir; 3) pes alkogolly içgilere; 4) piwo we piwonyň esasynda taýýarlanýan içgilere. 4. Alkogolly önümleriň dolanyşygy boýunça işiň amala aşyrylmagyna degişli ygtyýarnamasy, şeýle hem kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelýän, bu maksatlar üçin niýetlenen obýektler bolan mahalynda rugsat berilýär. 5. Türkmenistanyň çägine getirilýän, çäginde öndürilýän we satylýan alkogolly önümler goşmaça töleg nyşanlary bilen hökmany belgilenmäge degişlidirler. Alkogolly önümleriň goşmaça töleg nyşanlary bilen belgilenmegi Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2016-njy ýylyň 12-nji martynda 968 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Türkmenistana getirilýän temmäki önümlerini we alkogolly içgileri, şeýle hem Türkmenistanda öndürilýän alkogolly içgileri goşmaça töleg nyşanlary bilen nyşanlamagyň tertibini tassyklamak barada” Türkmenistanyň Maliýe ministriniň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2016-njy ýylyň 12-nji martynda çykaran 33-ö, 41, 16-ö we 124 belgili buýruklary bilen tassyklanan, Türkmenistana getirilýän temmäki önümlerini we alkogolly içgileri, şeýle hem Türkmenistanda öndürilýän alkogolly içgileri goşmaça töleg nyşanlary bilen nyşanlamagyň tertibine laýyklykda amala aşyrylýar. 6. Türkmenistanyň çägine getirilýän (import edilýän) alkogolly önümler hil görkezijileri boýunça şulara laýyk gelmelidir: 1) öndürijiniň önümiň hilini tassyklaýan resminamalaryna; 2) her önümiň görnüşine görä degişli kadalaşdyryjy resminamalarynyň talaplaryna; 3) sanitariýa kadalaryna we düzgünlerine, gigiýena normatiwlerine. Türkmenistanda öndürilen alkogolly önümler bolsa, goşmaça - bellenen görnüşdäki hil şahadatnamasy bolan mahalynda dolanyşykda bolup biler. 7. Gelip çykyşy bellenilmedik, Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna we belgilenmegi, gaplanmagy, düzüminde adamyň jany ýa-da saglygy, onuň nesli üçin zyýanly maddalaryň barlygy boýunça kadalaşdyryjy resminamalara laýyk gelmeýän, degişli resminamalary, goşmaça töleg nyşanlary bolmazdan (ýa-da galp goşmaça töleg nyşanlary bilen) satylýan alkogolly önümler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde dolanyşykdan aýrylmaga, gaýtadan ulanylmaga ýa-da ýok edilmäge degişlidir. 8. Alkogolly önümleriň islendik mahabatlandyrylmagy gadagan edilýär. II bap. Adalgalar we kesgitlemeler 9. Şu Düzgünlerde ulanylýan adalgalar we kesgitlemeler: 1) satyjy - harydy satyn almak-satmak şertnamasy boýunça sarp edijä alkogol önümlerini satmagy amala aşyrýan hususy telekeçi-fiziki şahs, ýuridik şahs (onuň aýrybaşga düzüm birligi); 2) sarp ediji - girdeji almak bilen bagly bolmadyk şahsy (durmuş) hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin alkogol önümlerini satyn almakçy (buýurmakçy) bolýan, satyn alýan ýa-da satyn alnan alkogol önümlerini (işi, hyzmaty) ulanýan fiziki şahs; 3) satyn alyjy - fiziki şahs, alkogolly önümleri ýerlemek maksady bilen satyn alýan hususy telekeçi ýa-da ýuridik şahs; 4) düzüminde spirt bolan iýmit önümi - düzüminde taýýar önümiň möçberiniň bir ýarym göteriminden köp etil spirti bolan iýmit önümi, şol sanda çakyr çig maly, islendik erginler, emulsiýalar, suspenziýalar, üzümiň löderesi, başga miweleriň löderesi, piwo löti (muňa alkogolly önümler degişli däldir); 5) alkogol (mundan beýläk, şeýle hem - alkogolly önümler) - iýmit çig malyndan we/ýa-da düzüminde spirt bolan iýmit önüminden taýýarlanan, etil spirtiniň ulanylmagy ýa-da ulanylmazlygy bilen öndürilen taýýar iýmit önüminiň möçberiniň bir ýarym göteriminden köp etil spirti bolan taýýar iýmit önümi; 6) spirtli içgiler - berkliginiň göwrümi boýunça 5 göterimden 60 göterimine çenli bolan, iýmit çig malyndan we/ýa-da spirtli iýmit önüminden rektifikasiýa edilen etil spirtini ulanyp taýýarlanylan alkogolly önümleri; 7) arak - berkliginiň göwrümi boýunça 38 göterimden 56 göterimine çenli bolan, rektifikirlenen etil spirtiniň we arassalanan suwuň esasynda taýýarlanylan, araga mahsus bolan ýumşak tagamly we aragy häsiýetlendirýän ysly, reňksiz, spirtli içgi; 8) ýörite arak - berkliginiň göwrümi boýunça 37,5 göterimden 45 göterimine çenli bolan we ýörite ysly we tagamly böleklerini goşmak bilen alynýan ýörite ysly we/ýa-da tagamly arak; 9) konýak - ýörite konýakly çakyr çig mallardan fraksion distillýasiýasyndan alnan we iň azyndan 3 ýyl dub agajy galtaşmasynda saklanylan, konýak spirtinden taýýarlanylan, häsiýetli ysly we tagamly alkogol içgisi; 10) likýor-arak önümi - iýmit çig malyndan rektifikasiýa edilen etil spirtinden, arassalanan suwdan, ýarym taýýar önümlerinden, däneli, wiski, konýak, miwe ýa-da çakyr distillýantlaryndan, iýmit düzüm böleklerinden, soňraky saklanylyp ýetişdirilmegi ýa-da ýetişdirilmesiz kupažlanylmagy we kupažynyň süzülmegi bilen alynýan garyndysy bolup, şekeriň agramynyň konserntrasiýasy 40.0g/100 sm3 ýokary bolmazdan, berkligi göwrümi boýunça 7 göterimden 40 göterimine çenli spirtli içgi; 11) çakyr önümi - üzümiň we beýleki miweleriň, ir-iýmişleriniň bütin ýa-da ýarylan miwelerinden ýa-da balyndan, olaryň lötlerini soňlukda turşatmak we saklanylyp ýetişdirmek ýa-da saklanylman, sanalyp geçilýän önümleriniň birisini goşmak bilen iýmit çig malyndan rektifikasiýa edilen etil spirti, çakyr spirti, rektifikasiýa edilen üzüm spirti, rektifikasiýa edilen miweleriň spirti, çakyr, üzüm, miwe, ir-iýmişleriň, balyň distillýatleri, düzüminde şekeri bolan önümleri, ysly-tagamly maddalary doly ýa-da doly bolmadyk spirtli turşadylmasy netijesinde taýýarlanylan, etil spirtiniň agram paýy 1,5 göterimden az bolmadyk çakyr önümçiliginiň önümleri; 12) piwo - piwo gaýnadylýan soloddan, hmelden we/ýa-da hmelli önümlerden we suwdan, däneli önümleri, düzüminde şeker önümleri bolan ýa-da bolmadyk önümleri ulanyp, piwo lötüniň turşadylmagy netijesinde taýýarlanylýan, lötüni turşatmak netijesinde döreýän etil spirtli alkogolly köpürjikli içgi. Şunda, Piwo etil spirti, ysly we tagam beriji goşmaça maddalary goşulmasyz taýýarlanylmalydyr; 13) alkogolly önümleriň dolanşygy - alkogolly önümleriň satyn alynmagy (şol sanda importy), iberilmegi (şol sanda eksporty), saklanylmagy, daşalmagy we ýerlenilmegi bilen baglanyşykly iş. III bap. Alkogolly önümleriň lomaý söwdasy 10. Alkogolly önümleriň lomaý söwdasynyň obýektleriniň ýerleşdirilmegi ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen ylalaşmak arkaly, Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2004-nji ýylyň 21-nji iýunynda 310 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan 2004-nji ýylyň 21-nji iýunynda tassyklanan, Türkmenistanyň çäginde söwda desgalaryna bildirilýän Esasy talaplaryna laýyklykda amala aşyrylmalydyr. 11. Alkogolly önümleriň lomaý söwda desgalary bina edilen, bina edilen - goşmaça gurlan, goşmaça gurlan, ýöriteleşdirilmedik ýaşaýyş jaýlarynyň otaglarynda we ýaşaýyş jaý toplumlarynyň içinde ýerleşen aýratyn binalarda ýerleşdirmek gadagan edilýär. 12. Alkogolly önümleriň lomaý söwda desgasy harytlary soňra bölek satuw söwdasynda gaýtadan satmak ýa-da täjirçilik dolanyşygynda peýdalanmak maksady bilen olary saklamak, satmaga taýýarlamak hem-de lomaý satyn alyjylara goýbermek üçin niýetlenilen, gurnalan söwda desgasy bolup durýar. Alkogolly önümleriň lomaý söwda desgalary umumy haryt, ýöriteleşdirilen we köp ugurly desgalara - lomaý bazarlara, lomaý söwda merkezlerine, lomaý ammarlara (bazalara we başgalara) bölünýärler. 13. Alkogolly önümleriň lomaý söwda desgalary alkogolly önümlerini kabul etmek, saklamak, göýbermek we hasabyny ýöretmek üçin ulanylmalydyrlar. 14. Alkogolly önümleriň lomaý söwda desgalary şular bilen enjamlaşdyrylan bolmalydyr: 1) bellenilen tertipde degişli barlagdan geçen temperaturany we çyglylygy ölçeýji serişdeler. Şunda, ammarlar birnäçe otagdan ybarat bolan halatynda, ölçeýji serişdeler her bir otagda ýerleşdirilmelidir; 2) temperaturany +5°С-dan +25°С çenli we otnositel çyglylygy 85°С çäklerinde saklanylmagyny üpjün edýän sowadyjy enjamlar; 3) tekjelerde saklanmaýan önümi saklamak üçin poddonlary diwarlardan we ýyladyjy ulgamlaryndan (şol sanda ýyladyjy enjamlaryndan) aralygy we poddonlaryň hatarlarynyň aralygy iň azyndan 0.5 metr aralykda inligine iki poddondan köp bolmadyk hatarlaryna ýerleşdirilmelidir; 4) yşyklandyryjy enjamlar. 15. Alkogolly önümleriň lomaý söwda desgalarynda gury, salkyn, gowy şemalladylýan, gaýry yslary bolmadyk we gün şöhlelerinden gowy goralan ýerlerde saklanylmalydyr. Temperatura we çyglylygyň tertibi önümiň her bir görnüşi üçin bellenen talaplaryna laýyk gelmelidir. Üzüm, miwe çakyrly, konýakly, şampanly, gabyk dykyly çüýşeler ammar jaýlarda gabyklary gurap çüýşelere howa geçmeginiň öňüni almak üçin keseligine, başga görnüşdäki dykylary bar bolan çüýşeler bolsa - dikligine saklanylmalydyr. Saklanyş temperaturalar şu kadalara laýyk gelmelidir: 1) üzümiň, miwe çakyrlaryň, konýaklaryň we şampanlaryň +8°С-den +16°С çenli; 2) ýarym süýji we ýarym gury üzümiň we naharhana çakyrlaryň +2°С-den +8°С çenli; 3) araklaryň we ýörite araklaryň -5-den +25°С çenli aralykda; 4) likýor-arak önümleriň +10-dan +20°С çenli aralykda (pes gradusly +5-den +18°С çenli); 5) çüýşelerdäki pasterizirlenen piwonyň +7°-den +20°С çenli. 16. Alkogolly önümleriň dolanşygyny amala aşyrmaga (bölek satuwyndan başga) ammar jaýlarynyň meýdançalarynda tiz zaýalanýan azyklardan başga azyk önümleri bilen bilelikde saklanylmaga rugsat berilýär. Alkogolly önümlerini we başga önümler bilen bilelikde saklanylmagy, alkogol önümlerini beýleki önümlerden zolaklara bölmek şerti bilen (ammaryň her zolagynyň arasynda 0,5 metrden az bolmadyk geçelgeleri gurnamak arkaly) rugsat berilýär. 17. Ammarlar gulluk, kömekçi we beýleki jaýlara diwarlar ýa-da wagtlaýyn gurluşyk konstruksiýalary bilen bölünen bolmalydyr. IV bap. Alkogolly önümleriň bölek söwdasy. Bölek söwda obýektlerine bildirilýän talaplar 18. Alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasy we jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlary eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanyň ýuridik şahslary we hususy telekeçileri (mundan beýläk - söwdanyň subýektleri) tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrylýar. 19. Alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasy hemişelik duran söwda obýektleri (ýöriteleşdirilen dükanlar), söwda obýektleriniň arak-çakyr bölümleri, gelýänlere hyzmat edýän zallary bolan jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary tarapyndan, diňe restoranlarda, barlarda, kafelerde, toý dabaralarynyň geçirilýän jaýlarynda amala aşyrylýar. 20. Alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasy şular bolan mahalynda amala aşyrylýar: 1) bölek-satuw söwdasyna ygtyýarnama; 2) olaryň gelip çykyşyny (girdeji resminamalary), howpsuzlygyny we hilini (laýyklyk sertifikaty ýa-da onuň göçürme nusgalary, ýurdumyzda öndürilýän önümler üçin - bellenen görnüşdäki hil şahadatnamasy) tassyklaýan resminamalary; 3) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan belgilemeler; 4) goşmaça töleg nyşanlary ýa-da paçsyz söwda dükanynda satylýan alkogolly önümler üçin ýörite belgiler; 5) alkogolyň zyýany hakynda lukmançylyk duýduryşy. 21. Alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasyna we jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlaryna olaryň söwdasynyň bolýan ýerinde şular bolan mahalynda rugsat berilýär: 1) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, elektron gözegçilik-kassa enjamy, töleg terminaly; 2) şu mazmunly maglumat: «Ýigrimi bir ýaşyna ýetmedik adamlara alkogolly önümleri satmak gadagan edilýär», şeýle hem alkogolyň zyýany hakynda maglumat. 22. Satyjy alyja ygtyýarnamanyň belgisini, hereket ediş möhletini we beren ygtyýarlygyny görkezýän degişli maglumatlary bermäge borçludyr. Bu maglumatlar görünýän ýerlerde (sarp edijiniň burçy) ýerleşdirilmelidir. 23. Şäher ilatly ýerlerde alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasy umumy meýdany elli inedördül metrden az bolmadyk ammar jaýlary bar bolan hemişelik duran söwda obýektleri (ýöriteleşdirilen dükanlar), şeýle hem hemişelik duran söwda obýektleriniň arak-çakyr bölümleri tarapyndan amala aşyrylyp bilner. 24. Oba ilatly ýerlerde alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasy umumy meýdany ýigrimi bäş inedördül metrden az bolmadyk ammar jaýlary bar bolan hemişelik duran söwda obýektleri (ýöriteleşdirilen dükanlar), şeýle hem hemişelik duran söwda obýektleriniň arak-çakyr bölümleri tarapyndan amala aşyrylyp bilner. 25. Jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlary edilen mahalynda alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasy gös-göni alkogolly önümleri satýan (goýberýän) adam tarapyndan sarp ediliş gaby açylan şertinde amala aşyrylýar. 26. Alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasy iş günleri sagat ondan sagat ýigrimä çenli amala aşyrylýar, jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlarynyň edilmegi, şeýle hem paçsyz söwda dükanlary muňa degişli däldir. 27. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasynyň wagtyna, şertlerine we ýerlerine, aýratyn ýagdaýlarda goşmaça çäklendirmeleri bellemäge haklydyrlar, jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlarynyň edilmegi muňa degişli däldir. 28. Şulara alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasyny etmäge ýol berilmeýär: 1) bilim edaralarynyň (şol sanda bilim edaralaryň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň) çäginde we eýeçiliginde, ygtyýarlygynda we/ýa-da peýdalanmagynda duran, olaryň çäklerinden ýüz metrden az bolan aralykdaky jaýlarda ýerleşýän söwda obýektlerine. Şu bentde bellenen gadagan etme iş günleri sagat on sekizden soň, şeýle hem işlenilmeýän baýramçylyk we ýekşenbe günleri jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlarynyň edilmegi üçin, olaryň çäginden ýigrimi bäş metrden az bolmadyk aralykda amala aşyrylýan alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasyna degişli däldir; 2) bedenterbiýe-sagaldyş we sport obýektleriniň, saglygy goraýyş edaralarynyň (şol sanda şypahanalaryň) we medeniýet edaralarynyň çäginde we jaýlarynda, görkezilen edaralaryň ýanyndaky jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda, şeýle hem çaga iýmiti önümlerini ýerlemekde ýöriteleşdirilen jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda ýerleşýän söwda obýektlerine; 3) harby maksatly obýektleriň çäklerinde we jaýlarynda ýerleşýän söwda obýektlerine; 4) wagon-restoranlarda (wagon-kafelerde, wagon-bufetlerde, wagon-barlarda), şeýle hem deňiz gämilerinde we içerki ýüzüş gämilerinde, howa gämilerinde; 5) göçürip bolýan söwda obýektlerinde, şeýle hem alkogolly önümleriň söwdasy üçin bellenilmedik ýerlerde; 6) bedenterbiýe-sagaldyş we sport obýektlerinden, saglygy goraýyş edaralaryndan we medeniýet edaralaryndan, menzillerden, ýolagçy platformalaryndan, howa menzillerinden, deňiz we derýa portlaryndan, ulag ýangyç guýuş beketlerinden, harby maksatly obýektlerden ýigrimi bäş metre çenli aralykda ýerleşýän söwda obýektlerine (paçsyz söwda dükanlary muňa degişli däldir); 7) çaga iýmiti önümleriniň söwdasyny amala aşyrýan köpugurly söwda obýektleriniň bölümlerinde; 8) ýöriteleşdirilen söwda obýektleri, şeýle hem çaga ýa-da sport harytlarynyň söwdasyny amala aşyrýan köpugurly söwda obýektleriniň bölümleri arkaly; 9) göçme söwda ulgamy arkaly (awtomaşynlardan, tirkeglerden, teležkalardan we beýleki ulag serişdelerinden), üstüne eltip berilýän, elden satylýan, islendik ýasama lotoklardan we tekjelerden (köçelerde, howlularda, jaýlarda); 10) ownuk-bölek söwda ulgamy arkaly. 29. Şu Düzgünleriň ýigrimi sekizinji böleginiň 1-nji we 6-njy bentlerinde görkezilen aralyklar Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2004-nji ýylyň 21-nji iýunynda 310 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan 2004-nji ýylyň 21-nji iýunynda tassyklanan, Türkmenistanyň çäginde söwda desgalaryna bildirilýän Esasy talaplaryna laýyklykda, alkogolly önümleriň bölek satuw söwdasyny amala aşyrýan söwda obýektleriniň girelge gapysyndan sanalyp geçilen obýektleriň girelge gapysyna çenli, agzalan obýektleriň howlusynyň, haýatynyň (bar bolan mahalynda) esasy girelgesine çenli kesgitlenilýär. Aralyklar ýanýodalar ýa-da ýörelýän ýodajyklar, alleýalar, geçelgeler boýunça ölçenilýär. Eger bölek söwda ýa-da jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary söwda merkezleriniň (söwda toplumynyň), başga binalaryň, gurluşlaryň içinde ýerleşen bolsa, onda aralyklar şu Düzgünleriň ýigrimi sekizinji böleginiň 1-nji we 6-njy bentlerinde agzalyp geçilen obýektlerden bu söwda merkezleriniň (söwda toplumynyň), başga binalaryň, gurluşlaryň içinde ýerleşen bölek söwda ýa-da jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň myhmanlar üçin giriş gapylaryna çenli kesgitlenilýär. 30. Şu ýagdaýlarda alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasyna ýol berilmeýär: 1) degişli ygtyýarnamasy bolmadyk söwda subýektleri tarapyndan; 2) goşmaça töleg nyşanlary bilen belgilenmedik ýa-da galp goşmaça töleg nyşanlary bolan; 3) kadalaşdyryjy resminamalarda göz öňünde tutulan sarp ediji üçin maglumatlar ýazylmadyk we/ýa-da “Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyň talaplaryna laýyklykda lukmançylyk duýduryşy bolmadyk (Türkmenistanda öndürilen önümler üçin); 4) Türkmenistanyň kanunçylygynda satylmagy gadagan edilen; 5) alkogolly önümleri şular ýaly gaplanylan bolsa: a) ýuka demirden bolan sarp ediliş gaplaryna (piwodan, pes alkogolly hem-de güýçlüligi on iki göterimden az bolan likýor-arak önümlerinden başgasy); b) plastik gaplara (piwodan başgasy); ç) dolulygyna polietilenden, polistiroldan, polietilentereftalatdan ýa-da bir ýarym litrden köp göwrümi bolan başga polimer materialyndan taýýarlanan polimer sarp ediliş gaplaryna; d) utgaşdyrylan polimer sarp ediliş gabyna, şol sanda polietilen örtgüli karton gutusyna we karton gutusyna ýerleşdirilen folgalanan polietilen pakete; 6) ýanyna goşulan resminamalary bolmadyk; 7) eger paçsyz söwda dükanynda satylýan bolsa, ýörite belgilenmesi bolmadyk; 8) Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda sarp ediji üçin belgilenmesine, gaplanmagyna we maglumatyň ýazylmagyna bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän; 9) howpsuzlygynyň we hiliniň görkezijileri boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmeýän we/ýa-da zyýanly maddalaryň aňryçäk ýol berilýän garyndylary ýokarlandyrylyp öndürilen; 10) olary öndürmek üçin ygtyýarnamasy bolmadyk Türkmenistanyň ýuridik şahsy ýa-da hususy telekeçisi tarapyndan öndürilen; 11) Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy bilen Türkmenistana getirilen; 12) ýaramlylyk möhleti geçen (ol bellenen alkogolly önümler üçin); 13) dolanyşykdan aýrylan; 14) jemgyýetçilik ulagynyň islendik görnüşi bilen; 15) söwda awtomatlary, beýleki elektron ýa-da mehaniki gurluşlar arkaly, uzaklykdan (distansion usul bilen); 16) telekommunikasiýalaryň ýa-da islendik beýleki tehnologiýanyň ulanylmagy bilen, Internet tory arkaly; 17) işlenilmeýän baýramçylyk (jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlarynyň edilmegi muňa degişli däldir) we hatyra günlerinde; 18) şenbe we ýekşenbe günlerinde (jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlarynyň edilmegi muňa degişli däldir); 19) ýigrimi bir ýaşyna ýetmedik adamlara. V bap. Alkogolly önümleri kabul etmegiň tertibi 31. Satyjy alkogolly önümleri kabul etmegi diňe lomaý söwdasyny etmäge ygtyýarnamasy bolan şahslardan, ýanyna degişli resminamalary goşulan halatynda amala aşyrmaga hukuklydyr. Harydyň üpjün edilýändigi baradaky ýanyna goşulan resminamalarda (haryt-ulag ýanhatlary we beýlekiler) üpjün ediji alkogolly önümler lomaý söwdasy üçin ygtyýarnamanyň belgisini we berilen senesini görkezýär. 32. Alkogolly önümlerini kabul etmek, olaryň mukdaryny we hilini, belgilenmesini barlamak, zerurlyga görä harydyň ýetmezçiliklerini, ýüze çykarylan kemçilikleri we zaýalanmagy boýunça delilnamalary düzmek, şeýle hem üpjün edijilere ýazmaça nägilelik bildirmek arkaly amala aşyrylýar. 33. Alkogolly önümler kabul edilende satyjy alkogolly önümleriň goşmaça töleg nyşanlarynyň hakykylygyny daşyndan seredip ýa-da ulanylmaga rugsat edilen gurallar (bar bolsa) arkaly barlamaga borçludyr. 34. Goşmaça töleg nyşanlary bilen belgilenmedik ýa-da olaryň hakykylygy barada şübhe dörese, hilini we howpsuzlygyny kanagatlandyrmaýan resminamalary bolmadyk alkogolly içgiler kabul edilmeli däldir. VI bap. Alkogolly önümleri satuwa taýýarlamak we ýerlemek 35. Alkogolly önümleri satmazdan öň satyjy önümiň daşky görnüşini barlamaga borçludyr. 36. Satyjy alkogolly önümleri degişli görnüşinde satuwa taýýarlamalydyr (ulag gabyndan boşatmalydyr, sarp ediş gabynyň bitewligini barlamalydyr, harytda kadalaşdyryjy resminamalarynda göz öňünde tutulan degişli belgilenmesiniň bolmagyny, goşmaça töleg nyşanlarynyň belgileriniň barlygyny barlamalydyr we içki witrinalarda, şkafjyklarda görnüşleri boýunça (arak, şampan, konýak, piwo we beýlekiler) goýuşdyryp, olaryň etiketkalaryny satyn alyjylara tarap bakdyrmalydyr. Söwda obýektlerinde günüň göni şöhlesiniň çüýşelere düşmezligini üpjün edilmelidir. 37. Alkogolly içgileriň nusgalary içginiň ady, gabyň sygymlylygy we çüýşäniň (başga sarp ediş gabynyň) bahasy görkezilen bahalaryny görkeziji ýazgylar bilen üpjün edilmelidir. Alkogolly içgileriň nusgalarynda içginiň adyny, gap-gajynyň göwrümini (çüýşäniň ýa-da başga sarp ediş gabynyň) we bir çüýşäniň bahasyny görkezýän bahalyk bellikleri bolmalydyr. 38. Jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda alkogolly içgiler guýlup satylanda menýuda (bahalary görkeziji ýazgyda) aşakdakylar görkezilmelidir: 1) alkogolly içginiň ady; 2) çüýşäniň (ýa-da beýleki sarp ediş gaplamasynyň) göwrümi, şeýle hem çüýşäniň (ýa-da beýleki sarp ediş gabynyň) içindäki içginiň doly göwrümi üçin we 100 ml ýa-da 50 ml (güýçli spirtli içgiler üçin) üçin bellenilen bahasy. Sowgatlyk görnüşindäki gaplara guýlup satylýan alkogolly içgiler üçin menýudaky bahasy (bahalary görkeziji ýazgyda) bir çüýşe üçin bahasy görkezilýär. 39. Söwda subýektleri tarapyndan alkogolly önümleriň ýerlenilmegi şu aşakdakylary göz öňünde tutmak bilen amala aşyrylmalydyr: 1) söwda desgalary üçin bildirilýän sanitariýa-epidemiologiýa kadalarynyň talaplaryny; 2) söwda kadalarynyň talaplaryny; 3) satyn alyjylara alkogolly önümleriň satylýan wagty, olaryň görnüşleri, ulanyş häsiýetleri baradaky maglumatlary berilmegini; 4) bellenilen tertipde resmilleşdirilen aşakdaky resminamalaryň bolmagyny üpjün etmeli: a) harydyň gelip çykyşyny görkezýän, bellenilen tertipde öndürijiniň (üpjün edijiniň) goly we möhüri bilen tassyklanylan, haryt-ulag resminamasynyň bolmagyny; b) ýerli alkogolly önümler üçin hil şahadatnamasynyň bolmagyny; ç) alkogol önüminiň hilini we howpsuzlygyny tassyklaýan, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan berlen (her görnüşi boýunça) laýyklyk sertifikaty; 5) sarp edijilere hödürlenýän alkogolly önümler barada maglumat kadalaşdyryjy resminamalarda we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen esasy talaplara laýyk gelmelidir, şunda: a) alkogolly önümler barada maglumat Türkmenistanyň döwlet dilinde (içerki bazarda dolanyşykda bolýan alkogolly önümler üçin) we (ýa-da), rus dilinde we (ýa-da) iňlis dilinde, öndürijiniň garaýşyna görä bolsa - beýleki dillerde hem, sarp ediliş gabyna - etiketkanyň (kontretiketkanyň, kolýeretkanyň), ýarlygyň, dykynyň, içlik-kagyzçanyň ýüzüne ýazylmalydyr; b) alkogolly önümler barada sarp edijilere hödürlenýän maglumat gös-göni sarp ediliş gabynyň her biriniň okamak üçin amatly ýerinde ýerleşdirilmelidir; ç) reňksiz sarp ediliş gabyna guýulýan dury reňksiz alkogolly önümleriň guýlan senesi etiketkanyň (kontretiketkanyň) arka ýüzünde ýazylyp bilner; d) eger, alkogolly önümler hakynda zerur maglumat sarp ediliş gabyna dolulygyna ýerleşmese, öndürijiniň garaýşyna görä, maglumatyň ýa-da onuň alkogolly önümleri häsiýetlendirýän böleginiň aýratyn sarp ediliş gabynyň her biriniň ýanyna goşulýan içlik-kagyzçanyň ýüzünde ýerleşdirilmegine rugsat berilýär; e) alkogolly önümler barada etiketkada görkezilen maglumat ygtybarly bolmalydyr, olaryň düzümi, özboluşlylyklary we sarp ediliş häsiýetleri, şeýle hem olaryň ulanylyş usuly (zerur bolan halatynda) babatda sarp edijilerde ýalňyş pikir döretmeli däldir; ä) sarp edijä önüm baradaky aşakda görkezilen göni önümiň sarp ediji gabynda, arka ýazgyda, boýun ýazgysynda, etiketkada, bellikde, tekst, nyşanlar we şekiller arkaly berilmelidir; f) alkogolly önümiň öndürijisi barada (alkogolly önümiň öndürijisiniň ady (hukuk salgysy) we öndüriji-ýurdy); g) alkogolly önümiň ady we bahasy; h) alkogolly önümiň laýyk gelmeli kadalaşdyryjy resminamalary barada (ýerli önümleri üçin); i) sarp ediş gabyndaky alkogolly önümiň göwrümi; j) etil spirtiniň göwrümleýin paýy; ž) alkogolly önümiň tagamyna we ysyna täsir edýän esasy ingrediýentleriň atlary (çakyrdan başga); 6) Türkmenistanda öndürilen alkogolly önümleriň sarp ediliş gabynyň belgisinde olaryň ulanylmagyna garşy şu mazmunly ýazgy ýazylmalydyr (beýleki ýurtlardan getirilýän önümlerden başga) “Alkogolly önümleri ulanmak ýigrimi bir ýaşyna ýetmedik adamlara, göwreli we çaga emdirýän aýallara, merkezi nerw ulgamy, böwregi, bagry we beýleki iýmit siňdiriş agzalary näsag adamlara maslahat berilmeýär”; 7) Türkmenistanda öndürilen alkogolly önümleriň şol sanda piwonyň, pes alkogolly içgileriň, piwonyň esasynda öndürilýän içgileriň sarp ediliş gabynda alkogolyň zyýany hakynda etiketkanyň möçberiniň ýigrimi göteriminden az bolmadyk ýerini eýeleýän şu mazmunly tapawutlanýan duýduryş ýazgysy ýazylan bolmalydyr (beýleki ýurtlardan getirilýän önümlerden başga): “Alkogolly önümler Siziň saglygyňyza zyýanlydyr!”; 8) özara hasaplaşyklar mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda we tertipde elektron gözegçilik-kassa enjamyny we elektron töleg serişdeler (kartlar) arkaly tölegiň amala aşyrylmagy üçin enjamy ulanmaga; 9) alkogolly önümiň Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen howpsuzlygyna, belgilenilmegine we gabyna bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän alkogolly önümi satylyşdan aýyrmaga; 10) jemgyýetçilik iýmitiniň söwda obýektlerinde işleýänleriň hem-de söwda zallarynda gönüden-göni alyjylara hyzmat edýän şahslaryň bellenilen nusgadaky ýörite lybaslarda bolmagyny üpjün etmäge; 11) söwda hyzmatlarynyň medeniýetiniň ýokary derejesiniň, alyjylara hormat bilen gatnaşygyň üpjün edilmegi; 12) sarp edijileriň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen hukuklaryny bozýan hereketlere ýol bermezlige. 40. Alkogolly önümleriň, şol sanda piwonyň, pes alkogolly içgileriň we piwo esasynda taýýarlanylan içgileriň sarp ediş gaplarynyň belgilenilşi “Azyk önümleri maglumat sarp ediji üçin Umumy talaplar” TDS 658 laýyklykda ýerleşdirilmelidir. 41. Jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda alkogolly önümleriň we piwo bahasanawynda (preýskurantlarynda) şular görkezilmelidir: içginiň ady, çüýşäniň göwrümi, çüýşäniň tutuş göwrümi üçin bahasy, şeýle hem içginiň 100 ýa-da 50 millilitr (berk spirtli içgilerine degişli) üçin bahasy. 42. Alkogolly önümleri guýup satýan satyjylaryň, bufetde işleýänleriň, barmenleriň we beýleki şahslaryň iş ýerleri gerekli möçberde ölçeýän enjamlar ýa-da ölçäp guýujy gaplar, ýuwujy serişdeler, beýleki abzallar we gurallar bilen üpjün edilmelidir. Guýup satmak üçin gurallar içgilerini satmazdan öň we satylandan soňra hökmany suratda gyzgyn suw bilen ýuwulmalydyr. 43. Ýokary hilli satylan alkogolly önümler çalşylmaga we yzyna alynmaga degişli däldir. 44. Satyn alyjy ýaramsyz hilli (başga zat garylan, hilsiz, ýasama içgileri, möhleti geçen içgileri, zaýalanan gaply ýa-da aksiz belgisine laýyk gelmeýän) alkogolly önümlerini satyn alan bolsa, olary gowy hilli, bozulmadyk sarp edijilik gabynyň saklanyp galmagy bilen satylan wagtyndan soň otuz alty sagadyň dowamynda. Görkezilen alkogolly önümleri ulanylyşda bolmadyk bolsa, onuň harytlyk görnüşi, sarp edilendäki aýratynlygy, plombalary, kärhana ýarlyklary, şeýle hem onuň töleginiň tölenendigini tassyklaýan resminama saklanyp galan bolsa, rugsat berilýär. Sarp edijide harydyň töleginiň tölenendigini tassyklaýan resminamanyň bolmazlygy ony şaýatlaryň görkezmelerine salgylanmak mümkinçiliginden mahrum etmeýär. 45. Eger sarp edijiniň satyja ýüzlenen gününde satuwda öňkä meňzeş kysymly (modelli, artikully) täze alkogolly önümleri ýok bolsa, sarp edijiniň şertnamany ýerine ýetirmekden ýüz öwürmäge we görkezilen gowy hilli alkogolly önümi üçin tölenen pul möçberiniň yzyna gaýtarylmagyny talap etmäge hukugy bardyr. Sarp edijiniň görkezilen alkogolly önümi üçin tölenen pul möçberiniň yzyna gaýtarylmagy baradaky talaby agzalan haryt gaýtarylan gününden soň üç senenama gününiň dowamynda kanagatlandyrylmaga degişlidir. 46. Sarp edijiniň satyjy bilen ylalaşmagy boýunça gowy hilli alkogolly önüminiň çalşylmagy meňzeş kysymly (modelli, artikully) täze alkogolly önümi satuwa çykarylanda amala aşyrylyp bilner. Satyjy meňzeş kysymly (modelli, artikully) täze alkogolly önümiň satuwa çykarylandygy hakynda haýal etmän sarp edijä habar bermäge borçludyr. 47. Alkogolly önümleriň satuwy hökmany gözegçilik-kassa enjamlary, töleg terminallaryny ýa-da Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda başga usullaryny ulanmak arkaly amala aşyrylmalydyr. Islendik ýagdaýynda satyjy sarp edijä satyn alynmagynyň ýagdaýyny tassyklaýan kassa töleg hatyny bermäge borçludyr. 48. Bölek söwdada piwony kekden satyjynyň öň ulanylmadyk, germetik ýapylýan sarp ediji gabyna (1,5 litrden köp bolmadyk polietilentereftalat çüýşesine) guýmaga rugsat berilýär. VII bap. Alkogolly içgileri saklamak 49. Alkogolly önümler önümiň degişli görnüşine bildirilýän kadalaşdyryjy resminamalarynyň talaplaryna laýyklykda saklanylmalydyr. Alkogolly içgileri saklamagyň temperaturasy, howanyň çyglylygy we beýleki saklanyş şertleri içgileriň şu topary üçin kadalaşdyryjy resminamalaryna laýyk gelmelidir. 50. Alkogolly içgileriň şu aşakdaky topary üçin saklanylmagyň görkezilen temperaturasy we howa çyglylygy şeýle kesgitlenilýär: Araklar we ýörite araklar -5°C-dan +25°C çenli Likýor-arak önümleri +10°C-dan +20°C çenli we howanyň çyglylygy 85% köp däl Reňkli likýor-arak önümleri +10°C-dan +20 °C çenli we howanyň çyglylygy 85% köp däl, olara günüň göni şöhleleri täsir etmeli däldir Konýak + 5 °C az bolmaly däl Üzüm we miwe çakyrlary, berk miwe we üzüm içgileri +8°C-dan +16 °C çenli, şemalladylýan, del yslar bolmadyk jaýlarda Ýarym süýji we ýarym gury çakyrlary - 2°C-dan + 8°C çenli Şampan, köpürjikli çakyrlar + 8°C-dan +16°C çenli, günüň göni şöhlesi düşmedik. Gabyk dykylary bilen dykylan çüýşeleri keseligine saklanylýar 51. Şu Düzgünleriň berjaý edilişine gözegçilik Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ygtyýarly edaralar tarapyndan amala aşyrylýar. 52. Şu Düzgünleriň talaplaryny bozan şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler. 53. Şu Düzgünlerde düzgünleşdirilmedik gatnaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär. Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2026-njy ýylyň 18-nji noýabrynda 1978 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.

Источник: TÜRKMENISTANYŇ ADALAT MINISTRLIGI