Türkmenbaşy halkara deňiz portunda türkmen we pakistan gümrük işgärleri tejribe alyşdylar
Amul Info · · turkmenbasy, balkan

2026-njy ýylyň 3–4-nji noýabrynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunda Türkmenistanyň we Pakistanyň gümrük gulluklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi. Çäräniň dowamynda pakistanly hünärmenler portuň logistika mümkinçilikleri we üstaşyr ýükleriň gümrük gözegçiligi bilen…
2026-njy ýylyň 3–4-nji noýabrynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň gümrük edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi. Çäräniň esasy maksady iki ýurduň gümrük gulluklarynyň arasynda tejribe alyşmak we özara hyzmatdaşlygy ösdürmek boldy.
Okuw maslahatynyň dowamynda pakistanly hünärmenlere Hazarýaka sebitiniň iri logistika merkezleriniň biri bolan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri görkezildi. Şeýle hem olar üstaşyr geçirilýän ulag serişdelerine we harytlara gümrük gözegçiligini amala aşyrmak üçin döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdyryldy.
Duşuşygyň çäklerinde türkmen we pakistan gümrük işgärleri Bütindünýä gümrük guramasynyň (WCO) ýolagçy we ýük daşamalaryna gözegçilik etmek boýunça maksatnamasynyň, şeýle hem Gümrük gulluklarynyň we port gözegçilik toparlarynyň sebitara torunyň (IREN) çäklerinde alnyp barylýan işler barada pikir alyşdylar. Taraplar öz iş tejribelerini paýlaşyp, geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bilelikdäki okuw maslahaty halkara deňiz portlarynyň üsti bilen amala aşyrylýan ýük daşamalarynda gümrük gözegçiligini netijeli guramak, ýükleriň howpsuzlygyny üpjün etmekde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak we bu ugurda hünär tejribesini ýokarlandyrmak babatda möhüm ähmiýete eýe boldy.