Türkmenistan Ýewropa köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär

Amul Info ·

Türkmenistan Ýewropa köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edi…

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow NE Global Media guramasynyň wekili Kostis Geropulos bilen duşuşdy. Duşuşykda habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek we Ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklary…

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow NE Global Media guramasynyň esaslandyryjylarynyň biri, energetika we howa syýasaty, şeýle hem howpsuzlyk meseleleri boýunça direktory Kostis Geropulos bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek we Ýewropa Bileleşigi hem-de onuň agza döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Türkmenistanyň halkara çärelerini guramakda gazanan tejribesine hem üns berildi. Kostis Geropulos Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda geçirilýän halkara çäreleriň ähmiýetine ýokary baha berdi. Hususan-da, «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen we sebitiň ýurtlarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemlän halkara duşuşyklaryň Ýewropada oňyn seslenme döredendigi bellenildi. Şeýle çäreleriň Türkmenistanyň hem-de onuň baý medeni mirasynyň halkara derejesinde tanalmagyna goşant goşýandygy nygtaldy.

Taraplar NE Global Media guramasynyň wekilleriniň Türkmenistanda geçiriljek geljekki halkara çärelere gatnaşmagynyň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň ösüşleri, halkara başlangyçlary we dürli ugurlardaky mümkinçilikleri barada daşary ýurtly okyjylara has giňişleýin maglumat ýetirmäge ýardam berjekdigi bellenildi.

Sapar Pälwanow Türkmenistanyň halkara habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny nygtady. Bu ugurdaky gatnaşyklar Ýewropa jemgyýetçiliginiň ýurdumyz barada ygtybarly maglumatlar almagyna, şeýle hem Türkmenistanyň halkara giňişligindäki ornunyň has giňden tanalmagyna mümkinçilik döredýär.

Источник: Amul Info