Günbatar sebitde pagta ýygymy gyzgalaňly barýar
Turkmenistan RSS Feed · · balkan
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň sebitlerinde pagta ýygymyny gysga möhletlerde guramaçylykly geçirmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, Balkan welaýatynyň oba hojalykçylary zähmet depginlerini barha ýokarlandyrýarlar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly-at myradyň mekany» ýylynda olar 13 müň gektar gowaça meýdanyndan 16 müň tonna hasyl ýygnamagy baş maksat edinýärler.
Şu günlerde bolsa welaýatda pagta ýygymy barha gyzyşyp, gowşamaýan depginlerde üstünliklere beslenýär. Geçen döwürde bolşy ýaly, welaýatda şu şanly ýylda-da pagtanyň bitginli hasyly kemala getirildi. Welaýatyň oba hojalyk toplumynyň önümçilik düzümleri ýetişdirilen hasyly ýygnap almaklygy möwsümiň ilkinji günlerinden talabalaýyk ýola goýdular. Şeýle derwaýys işlerde welaýatyň Gyzylarbat, Bereket, Magtymguly etraplarynyň daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň kärendeçi daýhanlary, mülkdarlarydyr ýer eýeleri has-da tapawutlanyp zähmet çekýärler. Şeýle-de Günbatar sebitde şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen üstünlikli berjaý edýän kärendeçi daýhanlaryň, önüm öndürijileriň, ýer eýeleriniň hatary günsaýyn artýar.
Gyzgalaňly dowam edýän jogapkärli möwsümde «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň mehanizatorlary, inžener-tehniki işgärleri has-da ýokary işjeňlik görkezýärler. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren bu täze, ýokary öndürijilikli kombaýnlaryna ussatlyk bilen erk edýän mehanizatorlar gije-gündiziň dowamynda birnäçe çalşykda işläp, möwsümiň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini gazanýarlar. Welaýatda ýokary öndürijilikli, kuwwatly pagta ýygyjy kombaýnlaryň, beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň, ulaglaryň saz hem-de bökdençsiz işlemekleri ugrunda-da ähli zerur tagallalar edilýär. Munuň üçin düzüminde tejribeli hünärmenler, bejeriji ussalar, sazlaýjylar, kebşirleýjiler bolan ýörite tehniki hyzmat ediş toparlary üznüksiz hereket edýärler. Ýangyç-ýaglaýyş serişdeleri, ätiýaçlyk şaýlary bilen birkemsiz üpjün edilen bu göçme toparlar ýerlerde bolup, işleriň çalt hem sazlaşykly bolmagyny üpjün edýärler.
Kuwwatly kombaýnlaryň bunkerlerinden agdarylýan pagtany «Balkanpagta» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat, Bereket etraplaryndaky pagta kabul ediş kärhanalaryna ýitgisiz daşamakda-da degişli awtoulaglaryň dynuwsyz hereketleri ýola goýuldy. Şonuň ýaly-da zähmetsöýer kombaýnçylaryň, awtoulag sürüjileriniň arasynda bäsleşikler guralyp, öňdebaryjylar welaýatyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan höweslendirilip durulýar.