Türkmenistanly küştçüler Bütindünýä küşt olimpiadasynda 30–40 basgançak ýokary galdy
Amul Info ·

Samarkantda geçirilýän 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynyň ilkinji 6 tapgyryndan soň Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy 206 toparyň arasynda 25-nji, zenanlar ýygyndysy bolsa 190 toparyň arasynda 26-njy orunda barýar. Erkekler Daniýany 3,5:0,5 hasabynda ýeňdi. Zenanlar bolsa Ispaniýa bilen 2:2…
Türkmenistanyň erkekler we zenanlar milli ýygyndylary Samarkant şäherinde geçirilýän 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, ýaryşyň ilkinji alty tapgyryndan soň başlangyç sanawda eýelän orunlaryndan 30–40 basgançak ýokary galdylar.
Alty tapgyryň netijelerine görä, Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy 206 toparyň arasynda 25-nji orunda, zenanlar ýygyndysy bolsa 190 toparyň arasynda 26-njy orunda ýerleşýär. Iki ýygyndynyň hem hasabynda mümkin bolan 12 utukdan 9 utuk bar.
Ýaryşyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy 65-nji, zenanlar ýygyndysy bolsa 55-nji başlangyç orunda ýerleşdirilipdi.
Erkekler ýygyndysy Daniýadan üstün çykdy
Dynç alyş gününiň öňüsyrasynda geçirilen altynjy tapgyrda Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy Daniýanyň milli ýygyndysyndan 3,5:0,5 hasabynda üstün çykdy. Daniýa ýaryşyň başlangyç sanawynda 25-nji orunda ýerleşýärdi.
Ilkinji tagtada çykyş eden grossmeýster Saparmyrat Ataýew deňme-deň oýnasa, Meýlis Annaberdiýew, Amanmuhammet Hammadov we Wepaly Halynýazow garşydaşlaryndan üstün çykdylar.
Wepaly Halynýazow ýaryşda aýratyn netijäni görkezýär. Ol şu wagta çenli gatnaşan üç duşuşygynyň ählisinde ýeňiş gazandy.
Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy mundan öň Slowakiýanyň topary bilen geçirilen duşuşykda hem deňme-deň netije gazanypdy.
Zenanlar ýygyndysy Ispaniýa bilen deňme-deň oýnady
Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy hem ýaryşda üstünlikli çykyş edýär. Türkmen küştçüleri öňki tapgyrda Argentinanyň ýygyndysyny 2,5:1,5 hasabynda ýeňip, altynjy tapgyrda Ispaniýanyň güýçli topary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnadylar.
Ispaniýanyň ýygyndysynyň düzümindäki küştçüleriň ählisiniň ýokary derejeli halkara atlaryna eýedigi bellenilýär.
Ýaryşyň açyşlarynyň biri hökmünde Mähri Agamyradowanyň çykyşy görkezilýär. Ol mümkin bolan 5 utukdan 4,5 utuk toplap, halkara reýtingini ep-esli ýokarlandyrdy.
Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň tälimçisi, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary Mergen Kakabaýew toparyň çykyşynyň ýokary baha mynasypdygyny belläp, küştçüleriň gazanylan netijeler bilen çäklenmän, olary berkitmäge çalyşýandyklaryny aýtdy.
Türkmenistanly küştçileri öňde ýene bäş tapgyr garaşýar
Türkmenistanyň iki ýygyndysy hem ýaryşda «B» reýting kategoriýasynda çykyş edýär. Türgenleriň esasy maksatlarynyň biri iki ýyl ozal Budapeştde geçirilen olimpiadadaky netijäni gaýtalamak we ösdürmek, şeýle hem öz toparlarynda ýokary orunlary eýelemek hem-de halkara ussanyň kadalaryny ýerine ýetirmekden ybarat.
23-nji sentýabrda dynç alyş gününden soň ýaryşyň ýedinji tapgyryna badalga berildi. Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy Awstriýanyň topary bilen duşuşýar. Awstriýanyň düzüminde grossmeýster Kirill Alekseýenko hem çykyş edýär.
Zenanlar ýygyndysy bolsa Angliýanyň topary bilen bäsleşer. Angliýanyň ilkinji tagtasynda 11 ýaşly küştçi Bodhana Şiwandanan çykyş edýär. Ol ýaşlygyna garamazdan, halkara küşt jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän türgenleriň biridir.
46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda jemi 11 tapgyr geçiriler. Ýaryşyň jemleýji netijeleri 27-nji sentýabrda belli bolar.
Türkmenistanyň milli ýygyndylarynyň duşuşyklarynyň netijelerini we oýunlaryny Chess-Results platformasynda yzarlap bolýar.