Türkmenistanyň teleradioýaýlymlaryna täze «Toyota» awtoulaglary gowşuryldy

Amul Info ·

Türkmenistanyň teleradioýaýlymlaryna täze «Toyota» awtoulaglary gowşuryldy

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň milli teleradioýaýlymlary 2026-njy ýylda öndürilen döwrebap «Toyota» awtoulaglary bilen üpjün edildi. Täze ulaglar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň iş şertlerini gowulandyrmaga, olaryň…

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň maddy-enjamlaýyn binýady täze awtoulaglaryň hasabyna berkidildi. 2026-njy ýylda öndürilen döwrebap «Toyota» kysymly awtoulaglar milli teleradioýaýlymlaryň işgärleriniň hyzmatyna berildi.

Täze awtoulaglar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň iş şertlerini gowulandyrmakda, olaryň dürli ýerlerde geçirilýän çärelere öz wagtynda baryp ýetmeginde we hünär borçlaryny netijeli ýerine ýetirmeginde ähmiýetli bolar.

Awtoulaglar halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän däplerine laýyklykda, ak un sepilip, alajalar daňylyp kabul edildi. Il sylagly ýaşulular ak pata berip, täze ulaglaryň hem-de olaryň sürüjileriniň ýollarynyň ak bolmagyny arzuw etdiler.

Bu waka ýurtda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň nobatdaky mysaly boldy.

Источник: Amul Info