Torontoda sürüjisiz ulag hyzmaty ýola goýlar
Amul Info · · g6167865

«Waymo» kompaniýasy Kanadanyň Toronto şäherinde sürüjisiz robotaksi hyzmatyny ýola goýmak üçin taýýarlyk işlerine başlaýar. Ilki şäheriň köçeleriniň takyk kartasy döredilip, synag sürüşleri geçiriler. Torontonyň sowuk howa şertleri ulaglaryň ygtybarlylygyny barlamakda möhüm synag bolar.
«Alphabet» kompaniýasyna degişli «Waymo» brendi Kanadanyň Toronto şäherinde sürüjisiz ulag hyzmatyny ýola goýmak boýunça taýýarlyk işlerine başlaýar.
Ilki bilen kompaniýa şäheriň köçeleriniň ýokary takyklykdaky kartasyny döreder, soňra bolsa synag sürüşlerini geçirer. Bu tapgyrda «Waymo» ulaglarynyň salonda sürüjiniň bolmagynda hereket etmegine garaşylýar. Synag işleri tamamlanandan soň, robotaksi hyzmatynyň köpçülige hödürlenmegi meýilleşdirilýär.
«Waymo» häzirki wagtda sürüjisiz ulag tehnologiýalaryny ösdürmek we hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek boýunça iş alyp barýar. Kompaniýa geçen ýylyň martynda ABŞ-nyň Ostin we Atlanta şäherlerinde täjirçilik maksatly hyzmatyny ýola goýdy. Häzirki wagtda onuň robotaksi hyzmaty ABŞ-nyň 15 şäherinde elýeterlidir. Şeýle hem London we Tokio şäherlerinde synag işleri geçirilýär.
Toronto şäheriniň howa şertleri kompaniýa üçin aýratyn synag bolar. Sebäbi bu şäher sowuk howasy bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin sürüjisiz ulaglaryň dürli howa şertlerinde hereket etmek mümkinçilikleri hem-de tehnologiýanyň ygtybarlylygy barlanylar.