Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi
Amul Info ·

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow paýtagty Daşoguz welaýaty bilen birleşdirjek 546 km uzynlygyndaky ýoluň gurluşygyna badalga berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berilmegine, Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň we ýylda 350 müň tonna karbamid hem-de 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürýän täze toplumyň düýbüniň tutulmagyna gatnaşdy. Şeýle hem Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz – Gazagystan böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Aşgabat şäheriniň «Oguz han» suw çüwdürimler toplumyndan başlanýan, umumy uzynlygy 546 km bolan ýol iki sebiti amatly birleşdirer. Ýol dört tapgyra bölünýär. 0 – 9-njy km paýtagt ýoly bolup, ini 65 metr, 8 zolakly bolar; iki taraplaýyn pyýada ýoly, gök zolaklar we ýanýodalar bu ýerde şäher içindäki hereketi kämilleşdirer. 9 – 48-nji kilometriň ini 34 metr bolup, 6 zolakly bolar.
48 – 527-nji kilometr aralygynyň ini 26,5 metr, 4 zolakly bolup, bu bölek sebitara söwdany we syýahatçylygy täze sepgitlere çykarar. 527 – 546-njy kilometriň ini 34 metr bolup, 6 zolakdan ybaratdyr. Ýoluň ugrunda 136 sany awtobus duralgasy, 13 sany awtoduralga meýdançasy hyzmat eder. Howpsuzlygy üpjün etmek üçin polisiýanyň ýol gözegçilik nokadynyň 7-sini gurmak meýilleşdirilýär.