Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri sylaglandy
Amul Info ·

Aşgabatda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri sylaglandy. Halyçylyk, şekillendiriş sungaty, heýkeltaraşlyk, neşir önümleri we wideo işleri ugurlary boýunça geçirilen bäsleşiklerde milli alabaýyň keşbini öz eserlerinde şöhlelendiren döredijiler…
25-nji oktýabrda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde milli alabaýyň keşbini sungat eserlerinde we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek boýunça guralan döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Bäsleşikleriň esasy maksady türkmen alabaýynyň milli mirasymyzdaky ornuny açyp görkezmekden, onuň özboluşly aýratynlyklaryny sungat we döredijilik arkaly giňden wagyz etmekden ybarat boldy. Oňa suratkeşler, heýkeltaraşlar, halyçylar, fotosuratçylar, neşirýat işgärleri hem-de teleoperatorlar gatnaşyp, dürli ugurlarda taýýarlan işlerini hödürlediler.
Bäsleşigiň netijelerine görä, halyçylyk ugry boýunça «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň suratkeşi A. Gulberdiýew «Türkmen alabaýy» atly eseri bilen birinji orny eýeledi.
Şekillendiriş sungaty ugry boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň teatr-bezeg nakgaşçylygy hünäriniň dördünji ýyl talyby S. Osmanowyň «Miras» atly eseri ýeňiji diýlip yglan edildi. Heýkeltaraşlyk ugry boýunça bolsa şol akademiýanyň ikinji ýyl talyby B. Batyrowanyň «Alabaýyň waspy» atly işi ýokary baha mynasyp boldy.
Neşir önümleri ugry boýunça Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň talyby Y. Ýaýlimow türkmen alabaýynyň keşbini özünde jemleýän iň gowy neşir önümini taýýarlamakda tapawutlandy.
Wideoişleriň arasynda S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk kafedrasynyň öwreniji mugallymy N. Orazgeldiýewiň «Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde kinolog hünärmenleriň taýýarlanylyşy» atly işi ýeňiji diýlip kesgitlendi.
Bäsleşiklerde ýeňiş gazananlara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan degişli şahadatnamalar we baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.
Döredijilik bäsleşikleri türkmen alabaýynyň baý taryhyny, milli medeniýetdäki ähmiýetini we halkymyzyň bu tohum bilen bagly däplerini sungatyň dürli görnüşleriniň üsti bilen giňden tanatmaga goşant goşýar.