Türkmenistanyň dokma öndürijileri Polşada geçirilýän FAST TEXTILE 2026 sergisinde täze hyzmatdaşlary gözleýär
Amul Info ·

17–19-njy noýabr aralygynda Polşada geçirilýän FAST TEXTILE 2026 halkara sergisinde Türkmenistanyň milli dokma pawiliony açyldy. Pawilionda pagta ýüplügi, çig mata, taýýar egin-eşikler we öý dokma önümleri ýaly türkmen önümleri görkezilýär. Sergä gatnaşýan ýurdumyzyň kärhanalarynyň wekilleri daşary…
2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Polşada dokma we ýeňil senagat pudagyna bagyşlanan FAST TEXTILE 2026 atly halkara sergi öz işine başlady. Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň dokma senagatynyň milli pawiliony hem açyldy. Bu barada «Turkmen Expo» kompaniýasy habar berýär.
Türkmenistanyň milli pawiliony 19-njy noýabra çenli Lodz şäheriniň golaýyndaky Žguw şäherinde ýerleşýän Ptak Expo sergi merkezinde işleýär. Sergi «Turkmen Expo» kompaniýasy tarapyndan, çäräniň resmi hyzmatdaşy hökmünde guraldy.
Milli pawilionda ýurdumyzyň öňdebaryjy dokma kärhanalarynyň we önümçilik toplumlarynyň önümleri görkezilýär. Ýewropaly satyn alyjylara hem-de sergä gatnaşyjylara türkmen dokma senagatynyň dürli önümleri, şol sanda pagta ýüplügi, çig mata, taýýar egin-eşikler we öý dokma önümleri hödürlenýär.
FAST TEXTILE Merkezi we Gündogar Ýewropada ýeňil senagat pudagynyň möhüm halkara meýdançalarynyň biri hasaplanýar. Bu sergi önüm öndürijileri, çig mal bilen üpjün edijileri, halkara brendleri, distribýutorlary we iri lomaý alyjylary bir ýere jemleýär. Öňki ýyllaryň görkezijilerine görä, çärä ýüzlerçe kompaniýa gatnaşýar we 40 ýurtdan 14 müň 600-den gowrak pudak hünärmeni gelýär.
Üç gün dowam etjek serginiň dowamynda türkmen kärhanalarynyň wekilleri daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen göni B2B gepleşiklerini geçirerler. Duşuşyklarda kärhanalaryň eksport mümkinçiliklerini tanyşdyrmak, türkmen dokma önümlerini Ýewropa bazarlaryna çykarmak we degişli şertnamalary baglaşmak meselelerine garalar.