Teýmur Çaryýew we Mihail Titow Gyrgyzystanyň çempionatynda altyn we kümüş medallara mynasyp boldular

Amul Info ·

Teýmur Çaryýew we Mihail Titow Gyrgyzystanyň çempionatynda altyn we kümüş medallara mynasyp boldular

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Teýmur Çaryýew bilen Mihail Titow Gyrgyzystanyň 2026-njy ýyl çempionatynda altyn we kümüş medallara mynasyp boldular. Çaryýewiň çykyş edýän «Bars» topary çempion boldy, Titowyň «Özgen» topary bolsa ikinji orny eýeledi. Möwsümde Çaryýew 25 oýunda iki…

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Teýmur Çaryýew bilen Mihail Titow 2026-njy ýylyň möwsüminde Gyrgyzystanyň çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. Olaryň çykyş edýän toparlary ýaryşy ilkinji iki orunda tamamlap, altyn we kümüş medallary gazandylar.

Ýarymgoragçy Teýmur Çaryýewiň çykyş edýän «Bars» topary çempionlyk gazanyp, altyn medallara mynasyp boldy. Hüjümçi Mihail Titowyň wekilçilik edýän «Özgen» topary bolsa ikinji orny eýeläp, kümüş medallary aldy.

Teýmur Çaryýew 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda «Bars» toparyna goşuldy. Ol möwsümde 25 duşuşykda meýdança çykyp, iki gezek netijeli pas berdi.

Mihail Titow bolsa 2025-nji ýylyň fewralyndan bäri «Özgen» toparynyň düzüminde çykyş edýär. Ol 22 oýunda sekiz gezek garşydaşlaryň derwezesinden gol geçirdi we dört netijeli pas berdi.

Источник: Amul Info