Russiýa ýygyndysy Özbegistanyň futbolçylaryndan üstün çykdy

Amul Info ·

Russiýa ýygyndysy Özbegistanyň futbolçylaryndan üstün çykdy

Russiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Daşkentde geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Özbegistany 3:2 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň ilkinji ýarymynda özbek futbolçylary öňe saýlansa-da, ikinji ýarymda Nikolaý Komliçenko iki gol geçirip, Alekseý Mirançuk ýeňiş goluny tora girizdi. Bu Russiýanyň 2026-njy…

Russiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Daşkent şäherinde geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Özbegistanyň ýygyndysyny 3:2 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk «Pahtakor» stadionynda geçirildi.

Duşuşygyň eýeleri eýýäm 5-nji minutda hasaby açdylar. Russiýanyň ýygyndysynyň goragçysy Wiktor Melehin topy öz derwezesine girizdi. Ikinji ýarymyň başynda Behruz Karimow özbek toparynyň artykmaçlygyny iki gola ýetirdi.

Duşuşygyň 70-nji minutynda Nikolaý Komliçenko tapawutlanyp, hasapdaky aratapawudy azaltdy. Bäş minutdan soň ol ýene bir gol geçirip, hasaby deňledi. 79-njy minutda bolsa Alekseý Mirançuk Russiýanyň ýygyndysyna ýeňiş getiren goly tora girizdi. Komliçenko bilen Mirançuk oýnuň ikinji ýarymynda ätiýaçdaky oýunçylaryň hataryndan meýdança çykdylar.

Bu ýeňiş Russiýanyň milli ýygyndysynyň 2026-njy ýylda ýoldaşlyk duşuşyklarynda gazanan altynjy üstünligi boldy. Mundan öň rus futbolçylary Nikaragua (3:1), Burkina-Faso (3:0), Trinidad we Tobago (3:0), Eýran (2:0) hem-de Namibiýa (6:0) ýygyndylaryny ýeňipdiler. Şeýle-de olar Mali (0:0) we Nigeriýa (3:3) bilen deňme-deň oýnap, Müsüriň ýygyndysyndan 0:1 hasabynda asgyn gelipdiler.

Russiýanyň milli ýygyndysy indiki duşuşygyny 17-nji noýabrda Krasnodar şäherinde Wenesuelanyň toparyna garşy geçirer.

Источник: Amul Info