Türkmen öndürijileri Parižde geçirilen «SIAL Paris 2026» sergisinde önümlerini tanyşdyrdylar

Amul Info ·

Türkmen öndürijileri Parižde geçirilen «SIAL Paris 2026» sergisinde önümlerini tanyşdyrdylar

Türkmenistanyň «Miwe», «Asly Turkmen» kompaniýalary we «Erem», «Miwada», «GurFood» brendleri 17–21-nji oktýabrda Parižde geçirilen «SIAL Paris 2026» halkara azyk sergisinde önümlerini tanyşdyrdylar. Sergide guradylan we sublimasiýa usulynda taýýarlanan miweler, kişmiş, badam hem-de miwe süýjüleri…

2026-njy ýylyň 17–21-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň hususy kompaniýalary Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilen «SIAL Paris 2026» halkara azyk sergisine gatnaşdylar. Bu sapar Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy bilen amala aşyrylýan «Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa» taslamasynyň çäklerinde Halkara söwda merkezi tarapyndan guraldy.

Sergide Türkmenistanyň «Miwe» we «Asly Turkmen» kompaniýalary, şeýle hem «Erem», «Miwada» we «GurFood» brendleri öz önümlerini hödürlediler. Olaryň sergi diwarlyklarynda guradylan we sublimasiýa usulynda taýýarlanan miweler, kişmiş, badam hem-de guradylan miwelerden öndürilen süýjüler görkezildi.

Halkara sergä gatnaşmak türkmen öndürijilerine milli önümleri daşary ýurtly işewürlere tanyşdyrmaga, potensial alyjylar bilen gatnaşyklary ýola goýmaga we eksport bazarlaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerini öwrenmäge şert döretdi.

Türkmen kompaniýalary üçin şeýle giň gerimli halkara azyk sergisine gatnaşmak ilkinji tejribe boldy. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan öndürijileri, importçylary, distribýutorlary we bölek satuw ulgamynyň wekillerini bir ýere jemleýän «SIAL Paris» sergisi önümleri halkara bazarlarynda ilerletmegiň täze usullary bilen tanyşmaga hem mümkinçilik berdi. Gatnaşyjylar gaplama dizaýnynyň häzirki zaman ugurlary, sertifikatlaşdyrma talaplary we daşary ýurt bazarlaryna çykmagyň aýratynlyklary barada tejribe alyşdylar.

«Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň direktory Yhlas Hudaýnazarowyň bellemegine görä, sergi türkmen önümleriniň hilini we aýratynlyklaryny halkara alyjylara görkezmek üçin netijeli meýdança boldy. Kompaniýa sergide ýerli badamy we «Erem» brendi bilen öndürilýän sublimasiýa usulynda taýýarlanan önümleri tanyşdyrdy. Bu önümler dürli ýurtlardan gelen alyjylaryň gyzyklanmasyny çekdi. Geçirilen işewürlik duşuşyklary bolsa hyzmatdaşlygy ösdürmek we täze bazarlara çykmak üçin mümkinçilikleri döretdi.

«SIAL Paris 2026» sergisine gatnaşmak Halkara söwda merkeziniň Türkmenistanyň agrosenagat kärhanalaryny goldamak, olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we eksport mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça alyp barýan işleriniň bir bölegi boldy.

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa» taslamasy işewürlik gurşawyny kämilleşdirmäge, kiçi we orta kärhanalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ykdysady ösüşe hem-de mynasyp zähmet mümkinçilikleriniň döredilmegine ýardam etmegi maksat edinýär. Şeýle hem taslama Türkmenistanyň sebitleýin we halkara söwda gatnaşyklaryna, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşmagyny goldaýar.

Источник: Amul Info