Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

Turkmenistan RSS Feed ·

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Geňeşmelerde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, katar tarapyna bolsa Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraýhi wekilçilik etdiler.

Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça giňişleýin pikir alşyldy.

Ýokary we iň ýokary derejelerdäki özara saparlary guramak meselelerine aýratyn üns berildi. Bu saparlaryň syýasy-diplomatik dialogy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigi bellenildi. Şeýle hem taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerine, şeýle-de köptaraplaýyn meýdançalarda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine garadylar.

Duşuşygyň çäklerinde özara gyzyklanma bildirilýän möhüm sebit we halkara meseleleri boýunça hem pikir alşyldy. Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň parahatçylyk söýüjilik, özara hormat goýmak we taraplaryň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda konstruktiw hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklary tassyklanyldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylanda, taraplar işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň döwlet edaralarynyň, işewür toparlarynyň we degişli guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik forumlaryny, iş duşuşyklaryny we tematik tegelek stollary geçirmek maksadalaýyk diýlip bellenildi. Şeýle hem energetika, sanly tehnologiýalar we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu wezipeleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-katar bilelikdäki hökümetara toparynyň möhüm orny bellenildi.

Gün tertibinde medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek meselelerine hem uly orun berildi. Hususan-da, özara Medeniýet günlerini geçirmek, bilim we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki medeni çäreleri guramak mümkinçiliklerine garaldy.

Geňeşmeleriň netijeleri boýunça taraplar türkmen-katar hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Источник: Turkmenistan RSS Feed