Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Ankara bardy
Amul Info ·

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň 13-nji sammitine gatnaşmak üçin Türkiýäniň Ankara şäherine iş sapary bilen bardy. 30-njy oktýabrda geçiriljek ýokary derejeli duşuşykda gurama agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, institusional gatnaşyklary…
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) 13-nji sammitine gatnaşmak maksady bilen Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherine iş sapary bilen bardy. Bu barada «Reuters Connect» habar berdi.
30-njy oktýabrda Ankarada geçiriljek ýokary derejeli duşuşyga gurama agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Sammitiň dowamynda gatnaşyjylar Türki Döwletleriň Guramasynyň çäginde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.
Duşuşygyň möhüm meseleleriniň biri gurama başlyklygyň Türkiýeden Azerbaýjana geçirilmegi bolar. Şeýle hem hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we guramanyň institusional gurluşyny pugtalandyrmaga gönükdirilen resminamalaryň hem-de kararlaryň kabul edilmegine garaşylýar.
Sammitiň jemleri boýunça Ankara Jarnamasynyň kabul edilmegi hem meýilleşdirilýär. Bu resminama türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe bolar.