Hytaýyň ikinji iri kruiz gämisi ulanyşa goýberildi

Amul Info ·

Hytaýyň ikinji iri kruiz gämisi ulanyşa goýberildi

Hytaýda öndürilen ikinji iri kruiz gämisi «Adora Flora City» resmi taýdan müşderä tabşyryldy. Uzynlygy 341 metre barabar bolan gämi 2 130 ýolagçy otagyny özünde jemleýär we bir wagtyň özünde 5 200-den gowrak adamy kabul edip bilýär. 9-njy noýabrda Şanhaýdan Guançžou şäherine ugur alan gäminiň…

Hytaýda öndürilen «Adora Flora City» atly ikinji iri kruiz gämisi Şanhaý şäherinde geçirilen resmi dabarada müşderä tabşyryldy. 9-njy noýabrda gämi Şanhaý portundan öz esasy duralgasy ýerleşýän Guançžou şäherine tarap ýola çykdy.

«Turkmenistaninfo» neşiriniň habar bermegine görä, ýolagçylyk wagtynda gäminiň synag ýüzüşi geçiriler. Bu synagyň dowamynda kruiz gämisiniň adaty täjirçilik ulanylyşyna meňzeş şertlerde ýolagçylara toplumlaýyn hyzmatlary hödürlemek mümkinçiligi barlanar.

«Adora Flora City» gämisiniň esasy aýratynlyklarynyň biri onuň uly ölçegleridir. Gäminiň uzynlygy 341 metre deň bolup, bu görkeziji hatara düzülen üç sany adaty futbol meýdançasynyň uzynlygyndan hem geçýär.

Gämide jemi 2 130 sany ýolagçy otagy ýerleşdirilip, ol bir wagtyň özünde 5 200-den gowrak adamy kabul etmäge niýetlenendir. Bu mümkinçilik gury ýerdäki ortaça bäş ýyldyzly alty sany myhmanhananyň kuwwatyna deňeşdirilýär.

Источник: Amul Info