«Canva Education» platformasy Türkmenistanda «eMekdep» ulgamyna birleşdirildi

Amul Info ·

«Canva Education» platformasy Türkmenistanda «eMekdep» ulgamyna birleşdirildi

«Canva Education» bilim platformasy Türkmenistanda «eMekdep» elektron bilim ulgamyna birleşdirildi. Indi umumybilim berýän mekdepleriň mugallymlary we okuwçylary goşmaça platforma geçmezden, «eMekdep» arkaly prezentasiýalary, okuw materiallaryny we döredijilik taslamalaryny taýýarlamak üçin «Canva…

Türkmenistanda umumybilim berýän mekdepleriň mugallymlary we okuwçylary indi «Canva Education» bilim platformasynyň mümkinçiliklerinden «eMekdep» elektron bilim ulgamynyň üsti bilen peýdalanyp bilerler.

Bu barada «Canva Education» kompaniýasynyň Merkezi we Gündogar Ýewropa sebitinde bilim we döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlyk boýunça wekili Agnieszka Przeniosło-M… özüniň «LinkedIn» sahypasynda habar berdi.

Täze integrasiýanyň netijesinde başlangyç we orta mekdepleriň mugallymlary hem-de okuwçylary goşmaça platforma geçmezden, «eMekdep» ulgamynyň içinde «Canva Education» hyzmatlaryna elýeterlilik alarlar.

Mugallymlar üçin täze mümkinçilikler

«Canva Education» mugallymlara okuw sapaklaryny has täsirli we gyzykly guramaga, şeýle hem okuw serişdelerini taýýarlamak üçin sarp edilýän wagty tygşytlamaga ýardam eder. Platformanyň kömegi bilen prezentasiýalary, iş sahypalaryny, dürli okuw materiallaryny, görkezme esbaplaryny we wizual maglumatlary döretmek mümkin.

Okuwçylar üçin döredijilik giňişligi

Okuwçylar hem bu platformanyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, mekdep taslamalaryny we prezentasiýalary taýýarlap, döredijilik tabşyryklaryny ýerine ýetirip bilerler. Şeýle-de bu hyzmat olaryň sanly tehnologiýalary ulanmak, pikirlerini şekiller arkaly beýan etmek we wizual aragatnaşyk endiklerini ösdürmeklerine şert döreder.

«Canva» kompaniýasynyň wekili Agnieszka Przeniosło-M… bu hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna goşant goşan taraplara, şol sanda Türkmenistanyň Bilim ministrligine, «eMekdep» platformasynyň toparyna we kompaniýanyň işgärlerine minnetdarlyk bildirdi.

«Canva Education» hyzmatynyň «eMekdep» ulgamyna birleşdirilmegi bilim işinde sanly gurallaryň ulanylyşyny giňeltmäge, mugallymlaryň işini ýeňilleşdirmäge hem-de okuwçylaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmäge mümkinçilik berer.

Источник: Amul Info