ABŞ-nyň Täze Orlean şäherinde tanker kruiz gämisi bilen çaknyşdy: 32 adam hassahana ýerleşdirildi

Amul Info ·

ABŞ-nyň Täze Orlean şäherinde tanker kruiz gämisi bilen çaknyşdy: 32 adam hassahana ýerleşdirildi

ABŞ-nyň Täze Orlean şäheriniň golaýynda Missisipi derýasynda «Atlantic Asphalt» tankeri «American Heritage» kruiz gämisi bilen çaknyşdy. Wakada 32 adam dürli derejede şikes alyp, hassahana ýerleşdirildi. Şäheriň häkimi olaryň ýagdaýynyň jany üçin howply däldigini aýtdy. Deslapky maglumatlara görä,…

ABŞ-nyň Luiziana ştatynyň Täze Orlean şäheriniň golaýynda Missisipi derýasynda «Atlantic Asphalt» atly tanker «American Heritage» atly ýolagçy kruiz gämisi bilen çaknyşdy. Wakanyň netijesinde 32 adam dürli derejede şikes alyp, hassahana ýerleşdirildi.

«ABC News» teleýaýlymyna salgylanyp, «Report» habar gullugynyň habar bermegine görä, heläkçilik 13-nji noýabrda ýerli wagt bilen sagat 12:30 töwereginde bolup geçdi. Şol pursatda kruiz gämisinde ýolagçylary we ekipaž agzalaryny goşmak bilen 129 adam bolupdyr.

Täze Orlean şäheriniň häkimi Helena Moreno şikes alan adamlaryň ýagdaýynyň jany üçin howply däldigini mälim etdi.

Çaknyşykdan soň ýolagçylar gämiden çykyp başlapdyrlar. Emma gäminiň içine suw aralaşyp, ol bir tarapa gyşarypdyr we netijede agdarylypdyr. Adamlary halas etmek işlerine gyssagly kömek gulluklarynyň işgärleri, kenarýaka gorag gullugy hem-de golaýda bolan beýleki gämileriň ekipažlary gatnaşdy.

Deslapky maglumatlara görä, tanker dolandyryş mümkinçiligini ýitirip, duralgada duran kruiz gämisine çaknyşypdyr. Wakanyň anyk sebäpleri öwrenilýär. Halas ediş işleri geçirilýän wagty Missisipi derýasynyň degişli böleginde gämi hereketi wagtlaýyn togtadyldy.

Mundan öň «CNN» teleýaýlymy heläkçilikde 20 töweregi adamyň şikes alandygyny habar beripdi. Täze maglumatlara görä, hassahana ýerleşdirilenleriň sany 32-ä ýetdi.

Источник: Amul Info