«Medat» brendi bilen sublimasiýa usulynda düýe süýdüniň önümçiligi ýola goýuldy
Amul Info · · gokdepe, ahal

🐪🥛 «Medat» brendi bilen sublimasiýa usulynda düýe süýdi öndürilip başlandy Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda «Medat» haryt nyşany bilen sublimasiýa usulynda taýýarlanan düýe süýdüniň önümçiligi ýola goýuldy. 200 we 400 gramlyk gaplarda satuwa çykarylýan önüm ýyly suw bilen garylanda gaýtadan…
Türkmenistanda hususy pudagyň azyk senagatyndaky täze taslamalarynyň biri durmuşa geçirildi. «Medat» haryt nyşany bilen sublimasiýa usulynda taýýarlanan düýe süýdüniň önümçiligi ýola goýuldy.
Täze önüm Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Polat Kanaýew tarapyndan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çägindäki düýeçilik hojalygynyň binýadynda öndürilýär.
Önümçiligiň esasy aýratynlyklarynyň biri düýeleri ýylyň dowamynda tebigy öri meýdan şertlerinde saklamak bilen bagly. Bu usul önümçilikde ekologiýa taýdan arassa çig malyň peýdalanylmagyna mümkinçilik berýär.
Sublimasiýa tehnologiýasy arkaly süýdi uzak wagtlap saklamaga ýaramly görnüşe getirmek üçin ilki çig mal örän pes temperaturada, takmynan –40-dan –80 gradusa çenli aralykda çalt doňdurylýar. Soňra wakuum şertlerinde buz göni bug görnüşine geçirilip, önümden çyglylyk aýrylýar.
Bu tehnologiýanyň aýratynlygy süýdüň düzümindäki peýdaly maddalaryň we tebigy tagamynyň ep-esli derejede saklanmagyna mümkinçilik bermegidir. Şeýle-de sublimasiýa usulynda taýýarlanan önümiň witaminleri we mikroelementleri saklamak babatda adaty gury süýtden tapawutlanýandygy bellenilýär.
«Medat» haryt nyşany bilen öndürilýän düýe süýdi 200 we 400 gramlyk sarp ediş gaplarynda satuwa çykarylýar. Ýyly suw bilen garylanda önüm aňsatlyk bilen gaýtadan süýt görnüşine getirilýär.
Düýe süýdi laktoferrin, immunoglobulinler, B, C we D witaminleri, demir, kaliý, kalsiý ýaly peýdaly maddalary öz düzüminde jemleýär. Önümde bar bolan bu maddalar onuň ýokumlylyk ähmiýetini ýokarlandyrýar.
Sublimasiýa usulynda taýýarlanan düýe süýdüni diňe içgi hökmünde däl, eýsem dürli tagamlary taýýarlamakda hem peýdalanmak bolýar. Ony çaýa we kofä goşmak, smuzi we kokteýlleri taýýarlamak, süle, tüwi ýa-da greçka şülesine goşmak, şeýle hem blinçik, oladýa, keks we öý çöregini taýýarlamak üçin ulanmak mümkin. Önüm krem-çorbalary goýaltmakda we dürli souslaryň düzüminde hem peýdalanylyp bilner.
Kärhana täze tehnologiýa esasynda öndürilýän düýe süýdi bilen bir hatarda, däp bolan düýe önümlerini hem öndürýär. Hususan-da, «Çöl gämisi» haryt nyşany bilen çal we agaran ýaly önümler taýýarlanýar.
Önümçiligiň esasy çig mal binýadyny türkmen halkynyň köp asyrlyk maldarçylyk tejribesiniň netijesinde kemala gelen arwana tohumly düýeler üpjün edýär.
Täze önümçiligiň ýola goýulmagy Türkmenistanda ýerli çig maldan peýdalanyp, azyk senagatynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga we milli önümleriň görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilen hususy başlangyçlaryň giňelýändigini görkezýär.