Türkmen öndürijisi Daşkentde geçirilen gurluşyk sergisinde keramiki granit önümlerini görkezdi

Amul Info ·

Türkmen öndürijisi Daşkentde geçirilen gurluşyk sergisinde keramiki granit önümlerini görkezdi

«Eziz Doganlar Keramika» kärhanasy Daşkentde geçirilýän «CAEX Build & Co» halkara gurluşyk sergisine gatnaşyp, keramiki granit we sanitar-tehniki önümlerini tanyşdyrýar. Italiýa tehnologiýasy esasynda öndürilýän önümler ýokary hilli çig maldan taýýarlanylýar. Häzirki wagtda kärhananyň önümleri…

Keramiki granit we sanitar-tehniki enjamlary öndürmäge ýöriteleşen türkmen kärhanasy «Eziz Doganlar Keramika» Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän «CAEX Build & Co» atly halkara gurluşyk sergisine gatnaşýar. Kärhana sergide öz önümlerini aýratyn pawilýonda görkezýär. Bu barada «Turkmenportal» neşiri habar berýär.

Halkara sergi kärhana üçin türkmen önümçiliginiň mümkinçiliklerini daşary ýurt bazarlarynda tanyşdyrmaga, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga we sebitiň gurluşyk kompaniýalary bilen tejribe alyşmaga şert döredýär. Kärhananyň hünärmenleri sergä gelýänlere öndürilýän önümleriň tehniki aýratynlyklary, hili we hyzmatdaşlygyň şertleri barada maglumat berýärler.

«Eziz Doganlar Keramika» kärhanasynyň keramiki granit önümleri ýokary hilli çig maldan italýan tehnologiýasy esasynda öndürilýär. Önümçiligiň ähli tapgyrlarynda hil gözegçiligi amala aşyrylýar. Kärhananyň önüm görnüşleri dizaýn we ölçeg taýdan ýüzlerçe görnüşi öz içine alýar.

Häzirki wagtda kärhananyň önümleri Azerbaýjana we Gruziýa eksport edilýär. Bu bolsa türkmen önümleriniň daşary ýurt bazarlarynda hem isleg bildirilýändigini görkezýär.

Daşkentde geçirilýän sergä gatnaşmak kärhananyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, täze hyzmatdaşlary çekmek we türkmen gurluşyk önümleriniň halkara bazarlaryndaky ornuny pugtalandyrmak ugrunda möhüm ädimleriň biri bolup durýar.

Источник: Amul Info