Türkmenistan bilen FAO Antalýada geçirilen COP31 maslahatynyň çäklerinde howa boýunça ýörite mejlis gurady

Amul Info ·

Türkmenistan bilen FAO Antalýada geçirilen COP31 maslahatynyň çäklerinde howa boýunça ýörite mejlis…

Türkmenistan bilen FAO COP31 maslahatynyň çäklerinde Antalýada howa meselelerine bagyşlanan ýörite mejlis geçirdi. Çäräniň dowamynda Pariž ylalaşygynyň talaplaryny ýerine ýetirmek, howa maglumatlaryny ýygnamak we seljermek ulgamlaryny sanlylaşdyrmak, şeýle hem Merkezi Aziýa üçin Sebitleýin howa…

Antalýa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji konferensiýasynyň (COP31) çäklerinde Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) bilelikde guramagynda tematik mejlis geçirildi.

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Daşary işler ministrligi tarapyndan halkara guramanyň goldawy bilen geçirilen çäre Pariž ylalaşygynda göz öňünde tutulan Giňeldilen aç-açanlyk çarçuwasynyň talaplaryny ýerine ýetirmekde ýurdumyzyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak boýunça taslamanyň tanyşdyrylyşyna bagyşlandy.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow çykyş edip, ýurdumyzyň Pariž ylalaşygynyň maksatlaryna ygrarlydygyny tassyklady. Ol netijeli ekologik syýasaty işläp düzmekde ygtybarly howa maglumatlarynyň möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa üçin Sebitleýin howa tehnologiýalary merkezini döretmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns berildi. Bu merkeziň sebitiň ýurtlarynyň arasynda innowasion çözgütleri alyşmak, bilermenleriň özara tejribe we pikir alyşmalaryny ösdürmek, şeýle hem ekoulgamlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin möhüm platforma öwrülmegi göz öňünde tutulýar.

FAO-nyň Merkezi Aziýa boýunça sebitara utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Nabil Ganjiniň moderatorylygynda geçirilen pikir alyşmalarda milli gidrometeorologik görkezijileri ýygnamak we seljermek ulgamlaryny sanlylaşdyrmak, şeýle hem degişli edaralaryň hasabatlylygyny kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Maral Kuliýewa hem gatnaşdy. Onuň gatnaşmagy milli ekologik maksatnamalary ylmy we bilim taýdan goldamagyň, şeýle-de Türkmenistanyň halkara howa başlangyçlaryna gatnaşmagynyň ähmiýetini görkezdi.

Источник: Amul Info