«Ojar Aziýa» Hytaýyň dört kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryny baglaşdy

Amul Info ·

«Ojar Aziýa» Hytaýyň dört kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryny baglaşdy

«Ojar Aziýa» hususy kärhanasy Şanhaýda geçirilen Türkmen-hytaý işewürlik forumynyň çäklerinde Hytaýyň dört kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk Ähtnamalaryna gol çekdi. Ylalaşyklar «akylly öý» tehnologiýalaryny, emeli aňy, ulag-logistikany, söwda-maýa goýum gatnaşyklaryny hem-de gurluşyk we oba hojalyk…

Şanhaý şäherinde geçirilen Türkmen-hytaý işewürlik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň «Ojar Aziýa» hususy kärhanasy Hytaýyň dört kompaniýasy we guramasy bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekdi. Ylalaşyklar ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär.

Gol çekilen resminamalaryň biri Hytaýyň Super Smart Home kompaniýasy bilen baglaşyldy. Oňa laýyklykda, taraplar «akylly öý» tehnologiýalary, emeli aň we döwrebap intellektual ulgamlary ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýärler.

Link Global International Logistics kompaniýasy bilen gazanylan ylalaşyk ulag-logistika ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir. Bu ugurda halkara ýük daşamalaryny we degişli logistika hyzmatlaryny ösdürmek göz öňünde tutulýar.

Beijing Zhongsheng Honor Enterprise Management Center (Limited Partnership) kompaniýasy bilen gol çekilen Ähtnama bolsa Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagy, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegi we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi öz içine alýar.

Hyzmatdaşlygyň ýene bir ugry SINOMACH HI International Equipment Co., Ltd. kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşykda öz beýanyny tapdy. Resminama laýyklykda, gurluşyk we oba hojalyk tehnikalaryny üpjün etmek, şol sanda ýükleýji tehnikalary, ekskawatorlary, ýol-gurluşyk maşynlaryny hem-de olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny getirmek boýunça söwda gatnaşyklaryny ösdürmek meýilleşdirilýär.

Bu ylalaşyklar «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň hytaýly hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklaryny giňeltmek we dürli ykdysady ugurlarda täze hyzmatdaşlyk mümkinçili

Источник: Amul Info