Gant şugundyry — oba hojalygynyň möhüm ekini
Amul Info · · mary

Gant şugundyry Türkmenistanda oba hojalygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, şeker önümçiligi üçin esasy çig mal hasaplanýar. Mary welaýatynda bu ekiniň hasylyny ýygnamaga ýokary taýýarlykly girişmegiň zerurdygy bellenilip, onuň ösdürilip ýetişdirilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň oba hojalygynda gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmek we onuň hasylyny ýygnamak möhüm ähmiýete eýe bolan ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda geçiren iş maslahatynda Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýygymyna ýokary taýýarlykly girişmegiň zerurdygyny nygtamagy hem bu ekine döwlet derejesinde uly üns berilýändigini görkezýär.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Begnazar Rahmanowyň bellemegine görä, gant şugundyry häzirki zaman oba hojalygynyň wajyp ekinleriniň biri bolup, şeker önümçiligi üçin esasy çig mallaryň hatarynda durýar.
Taryhy maglumatlara görä, gant şugundyry biziň eýýamymyzyň I müňýyllygynda ýapraklyk şugundyrdan soňra ýüze çykypdyr. Ol ilki bilen Aziýa ýurtlaryna ýaýrap, soňra XIII–XIV asyrlarda Günbatar Ýewropada hem ösdürilip başlanypdyr. Şol döwürde bu ekin Demirgazyk Italiýada, Germaniýada we Şweýsariýada ekilipdir.
Gant şugundyrynyň oba hojalygy we azyk senagaty üçin ähmiýeti onuň şeker öndürmekde gymmatly çig mal bolup hyzmat edýändigi bilen berk baglanyşyklydyr.