Gazagystanda Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy çalşyldy
Amul Info ·

2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Ýermek Sagimbaýewi Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy wezipesinden boşatdy. Onuň ýerine Marat Irmenow täze ýolbaşçy wezipesine bellenildi.
2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Milli howpsuzlyk komitetiniň (MHК) başlygy Ýermek Sagimbaýewi wezipesinden boşatdy. Bu barada Prezidentiň metbugat gullugy — «Akorda» habar berdi.
Prezidentiň degişli Permanyna laýyklykda, Ýermek Sagimbaýew eýeläp gelýän wezipesinden boşadyldy.
Milli howpsuzlyk komitetiniň täze başlygy wezipesine Marat Irmenow bellenildi.