Islandiýadaky pil şekilli gaýa jahankeşdeleri haýran galdyrýar
Amul Info ·

Islandiýanyň Heýmaeý adasyndaky Pil gaýasy äpet pili ýatladýan täsin görnüşi bilen jahankeşdeleri özüne çekýär. Bazalt gaýasy müňlerçe ýyllaryň dowamynda tebigy hadysalaryň we eroziýanyň täsiri bilen kemala gelipdir diýlip çaklanylýar. Ol ýurduň özboluşly tebigy gözellikleriniň biri hasaplanýar.
Islandiýanyň Westman arhipelagynyň Heýmaeý adasynda ýerleşýän Pil gaýasy (Halldórsskor) tebigatyň täsin sungat eserleriniň biri hasaplanýar. Daş keşbi äpet pili ýatladýan bu gaýa özüniň üýtgeşik görnüşi bilen jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär.
Bazalt dag jynsyndan emele gelen gaýanyň 1973-nji ýylda «Eldfell» wulkanynyň atylmagy bilen baglanyşykly dörändigi barada çaklamalar bar. Şeýle-de bolsa, alymlaryň köpüsi onuň müňlerçe ýyllaryň dowamynda geologik hadysalaryň we eroziýanyň täsiri netijesinde kemala gelendigini belleýärler.
Heýmaeý adasynyň demirgazyk-günbatar kenarynda ýerleşýän gaýa uzakdan seredilende, göwresiniň bir bölegi suwa çümen pili ýatladýar. Onuň ýüzünde pil şekiliniň esasy aýratynlyklary — kellesi, gulagy, gözi we holtumy aýdyň görünýär.
Pil gaýasy barada ýerli halk arasynda dürli rowaýatlar hem bar. Olaryň birine görä, jezalandyrylan pil ada sürgün edilip, gaýanyň golaýynda uklap galypdyr we soňra daşa öwrülipdir. Başga bir rowaýatda bolsa, bu şekili ýerli ýaşaýjylaryň özleriniň oýup döredendigi aýdylýar.
Soňky ýyllarda umman tolkunlarynyň kenara güýçli urmagy gaýanyň ýüzünde dürli oýuklaryň we şekilleriň emele gelmegine sebäp bolupdyr. Tebigy güýçleriň täsiri bilen kemala gelen bu täsin gaýa Islandiýanyň özboluşly tebigy gözellikleriniň biri hökmünde tanalýar.