Türkmenistanda polipropilene bolan içerki isleg artýar

Amul Info · · turkmenbasy, balkan

Türkmenistanda polipropilene bolan içerki isleg artýar

2026-njy ýylyň ilkinji dokuz aýynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 40 müň 617 tonna polipropilen öndürilip, sarp edijilere iberildi. «Ussatnews.com» neşiriniň habar bermegine görä, ýokary hilli polipropilene bolan içerki isleg…

2026-njy ýylyň ilkinji dokuz aýynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 40 müň 617 tonna polipropilen öndürilip, sarp edijilere iberildi.

«Ussatnews.com» neşiriniň habar bermegine görä, ýurtda ýokary hilli polipropilene bolan isleg yzygiderli artýar. Bu önümiň esasy alyjylarynyň arasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem bar.

Soňky döwürde Türkmenistanyň dükanlarynda we bazarlarynda ýerli polipropilenden öndürilen dürli görnüşli milli önümlere has köp duş gelmek bolýar.

Polipropilen himiýa senagatynyň möhüm önümleriniň biri bolup, dürli harytlary we önümçilik serişdelerini taýýarlamakda ulanylýar. Oňa bolan içerki islegiň artmagy ýerli çig malyň gaýtadan işlenilmegine hem-de milli önümçiligiň ösdürilmegine bolan gyzyklanmanyň ýokarlanýandygyny görkezýär.

Источник: Amul Info