Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy wagtlaýyn işgäri işe kabul edýär

Amul Info ·

Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy wagtlaýyn işgäri işe kabul edýär

Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Hukuk we konsullyk bölüminde 2027-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda wagtlaýyn işlemek üçin işgär gözleýär. Dalaşgärlerden nemes, türkmen we rus dillerini bilmek, raýatlary kabul etmek we wiza resminamalary bilen işlemek başarnyklary talap edilýär. Resminamalary…

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy Hukuk we konsullyk bölüminde wagtlaýyn işlemek üçin täze işgär gözleýändigini mälim etdi. Bu barada ilçihananyň resmi Instagram sahypasynda habar berildi.

Maglumata görä, işgär 2027-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlary aralygynda zähmet çeker. Ol çaga seretmek boýunça rugsada çykýan hünärmeniň ornuny wagtlaýyn eýelär.

Täze işe kabul ediljek hünärmeniň esasy wezipeleriniň hatarynda ilçihana ýüz tutýan raýatlary kabul etmek, olar bilen nemes, türkmen we rus dillerinde aragatnaşyk saklamak, wiza almak üçin berilýän arzalary kabul edip, olary işlemek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem işgärden arza berijiler bilen elektron hatlar we telefon arkaly habarlaşmak, wiza resminamalaryny arhiwleşdirmek ýaly işleri ýerine ýetirmek talap edilýär.

Dalaşgärler zerur resminamalary 2026-njy ýylyň 24-nji noýabryna çenli tabşyrmalydyrlar. Işe kabul edilmegiň şertleri we dalaşgärlere bildirilýän beýleki talaplar bilen Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda tanyşmak bolýar.

Источник: Amul Info