Türkmenistan bilen Russiýa 2027-nji ýyl üçin parlamentara hyzmatdaşlygyň iş meýilnamasyna gol çekdi
Amul Info · · turkmenbasy, balkan

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy 2027-nji ýyl üçin parlamentara dostluk toparlarynyň bilelikdäki iş meýilnamasyna gol çekdi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen gol çekişlik iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky dialogy pugtalandyrmagy, kanun çykaryjylyk tejribesini alyşmagy we…
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasyndaky parlamentara dostluk toparlarynyň 2027-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada «Atavatan Türkmenistan» neşiri habar berýär.
Gol çekilen resminama Türkmenistanyň Mejlisi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Parlamentara dostluk toparynyň hem-de Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlyk boýunça toparynyň bilelikdäki işini öz içine alýar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli tagallalary netijesinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda pugtalandyrylýan hyzmatdaşlykda parlamentara gatnaşyklar hem möhüm orun eýeleýär.
Türkmenistanyň Mejlisi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlyk ozal gol çekilen degişli ylalaşygyň esasynda alnyp barylýar. Täze iş meýilnamasy bu hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge we işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.
Resminamada göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegi iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky dialogy pugtalandyrmaga, kanun çykaryjylyk we parlament işinde toplanan tejribeleri öwrenmäge hem-de alyşmaga, şeýle-de parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Munuň bilen birlikde, meýilnama türkmen-rus gatnaşyklarynyň täze ugurlar boýunça ösdürilmegine hem ýardam eder.