Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy öz işine başlady

Amul Info ·

Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy öz işine başlady

2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Hytaýyň Şanhaý şäherinde türkmen-hytaý işewürlik forumy öz işine başlady. «China International Import Expo – 2026» sergisiniň çäklerinde geçirilen çärä iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň 500-den gowrak wekili gatnaşýar. Forumda energetika, dokma,…

2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde türkmen-hytaý işewürlik forumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň wekiliýetiniň dokuzynjy Hytaý Halkara import harytlary sergisine — «China International Import Expo – 2026» gatnaşmagynyň çäklerinde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan «TMT Consulting Group» bilen bilelikde guralan forum ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary mynasybetli geçirilýär. Oňa iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň 500-den gowrak wekili gatnaşýar.

Forumyň çäklerinde gatnaşyjylar Şanhaýyň Milli sergi we maslahatlar merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň milli pawilýonyna baryp gördüler. Bu ýerde ýurdumyzyň ykdysadyýetde gazanan üstünlikleri, şeýle-de türkmen önüm öndürijileriniň harytlary bilen tanyşmak mümkinçiligi döredildi.

«Beýik Ýüpek ýoluny ösdürmek: strategik hyzmatdaşlygyň täze tapgyry» atly plenar mejlisde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdo(w) gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Forumyň esasy gün tertibine türkmen-hytaý söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, senagat kooperasiýasyny ösdürmek hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri girizildi.

Duşuşyklarda energetika, dokma, gurluşyk we elektrotehnika pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Şeýle-de häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, özara söwdany diwersifikasiýalaşdyrmak we täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hytaýly hyzmatdaşlara Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri, şeýle-de daşary ýurtly maýadarlar üçin ýurtda döredilen amatly şertler barada giňişleýin maglumat berildi.

Çäräniň jemleri boýunça iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmegine garaşylýar.

Türkmen-hytaý işewürlik forumy 7-nji noýabra çenli dowam eder. Forum iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek we işewür düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.

Источник: Amul Info