Pakistanda mekdebiň üçegi ýykyldy: 30 adam heläk boldy
Amul Info ·

Pakistanyň Peşewar şäherinde mekdebiň üçeginiň ýykylyp gaçmagy netijesinde 30 adam, şol sanda 28 çaga we iki mugallym heläk boldy. Ýene 50 adam şikes aldy. Halas ediş gulluklary we harby gullukçylar harabalyklaryň aşagynda galan adamlary gözlemek işlerini dowam etdirýärler. Deslapky maglumatlara…
Pakistanyň Peşewar şäherinde mekdebiň üçeginiň ýykylyp gaçmagy netijesinde azyndan 30 adam, şol sanda 28 çaga we iki mugallym heläk boldy. Ýene-de 50 adam şikes aldy. Bu barada «The Express Tribune» neşirine salgylanyp, «Belta.by» habar berdi.
Betbagtçylykda şikes alanlar hassahanalara ýerleşdirildi. Olaryň käbiriniň ýagdaýynyň agyrdygy habar berilýär.
Wakanyň bolan ýerinde dessin gulluklaryň işgärleri halas ediş işlerini alyp barýarlar. Harabalyklaryň aşagynda galan adamlary gözlemek işlerine Pakistan harby gullukçylary hem gatnaşýar. Olar ejir çekenleri hassahanalara daşamaga we ýykylyp gaçan gurluşyklaryň böleklerini aýyrmaga kömek edýärler.
Ýerli polisiýanyň maglumatlaryna görä, mekdebiň üçeginiň gurluşygy bilen bagly kemçilikler bolup biler. Mekdebiň köp ilatly etrapda ýerleşmegi we köçeleriň darlygy halas ediş işlerini kynlaşdyrýar.
Mekdepde jemi 110 okuwçy bilim alýardy. Üçek ýykylanda binanyň ýokarky gatlarynda 30 töweregi çaganyň bolandygy habar berilýär. Wakanyň sebäplerini anyklamak üçin derňew işleri geçiriler. Bu iş bilen baglylykda jenaýat işiniň gozgalmagyna garaşylýar, mekdebiň eýesi bolsa saklandy.
Pakistanyň premýer-ministri Şahbaz Şarif heläk bolanlaryň ýakynlaryna gynanç bildirdi. Ol halas ediş işlerini çaltlandyrmak we şikes alanlara zerur lukmançylyk kömegini bermek barada degişli görkezmeleri berdi.