Türkmenistanyň taryhy golýazmalary ilkinji gezek ÝUNESKO-nyň sebit sanawyna girizildi

Amul Info ·

Türkmenistanyň taryhy golýazmalary ilkinji gezek ÝUNESKO-nyň sebit sanawyna girizildi

Türkmenistanyň taryhy golýazmalary ilkinji gezek ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Aziýa–Ýuwaş umman sebiti boýunça sanawyna girizildi. Abu Ishak Ybraýym ibn Edhemiň (718–782) ömri we döredijiligi bilen bagly taryhy çeşmeleriň halkara derejesinde ykrar edilmegi milli ruhy-medeni…

Türkmenistanyň baý taryhy-medeni mirasynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde möhüm waka boldy. Abu Ishak Ybraýym ibn Edhemiň (718–782) ömri we döredijiligi bilen bagly arhiw çeşmeleri ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Aziýa–Ýuwaş umman sebiti boýunça sanawyna ilkinji gezek girizildi.

Bu barada ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Aziýa–Ýuwaş umman sebiti boýunça komiteti (MOWCAP) 2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda çap eden resmi habarynda mälim etdi.

Sanawa girizilen taryhy golýazmalar toplumy VIII asyrda ýaşap geçen Balh hökümdary Abu Ishak Ybraýym ibn Edhemiň durmuş ýoluna we ruhy garaýyşlaryna bagyşlanýar. Ol hökümdarlykdan we dünýä baýlyklaryndan ýüz öwrüp, bütin ömrüni ruhy kämillige bagyş eden hem-de sopuçylyk taryhynda möhüm orun eýelän şahsyýetleriň biri hökmünde tanalýar.

Taryhy resminamalar köne türkmen, köne özbek we pars dillerinde ýazylan golýazmalardan ybaratdyr. Olarda Ybraýym ibn Edhemiň hökümdarlyk wezipesini terk edip, sopuçylyk ýoluny saýlap alşy, dünýägaraýşy we ruhy durmuşynyň aýratynlyklary barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär.

Türkmenistanyň hödürlän golýazmalar toplumynyň halkara sanawa goşulmagy milli taryhy çeşmeleriň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan öwrenilmegine we ykrar edilmegine giň ýol açýar. Şeýle hem bu waka türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen ruhy we medeni mirasynyň ähmiýetini görkezýär.

2026-njy ýylyň 2–6-njy noýabry aralygynda Indoneziýanyň paýtagty Jakarta şäherinde MOWCAP-yň 11-nji Baş assambleýasy geçirildi. Çäräniň dowamynda Aziýa–Ýuwaş umman sebitiniň dokumental mirasynyň sanawyna ýene-de 21 sany täze taryhy çeşme girizildi. Şunlukda, sanawa girizilen miraslaryň umumy sany 106-a, oňa wekilçilik edýän ýurtlaryň sany bolsa 29-a ýetdi.

Türkmenistanyň taryhy golýazmalarynyň bu sanawa ilkinji gezek goşulmagy milli ýazuw ýadygärliklerini gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek we halkara giňişliginde wagyz etmek ugrunda möhüm ähmiýete eýedir. Bu ykrar edilme geljek nesillere ýetirilmäge mynasyp bolan baý taryhy we ruhy gymmatlyklarymyzyň dünýä derejesinde tanadylmagyna goşant goşar.

Источник: Amul Info