Aşgabatda iki sany ak ýolbars çagasy dünýä indi
Amul Info · · asgabat, ashgabat

Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Janly tebigatyň milli muzeýinde Taýmaz atly ata ýolbars bilen Narin atly ene ýolbarsyň iki sany çagasy dünýä indi. Olaryň biri erkek, beýlekisi urkaçy bolup, ikisi hem ak reňklidir.
Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Janly tebigatyň milli muzeýinde iki sany ak ýolbars çagasy dünýä indi. Taýmaz atly ata ýolbars bilen Narin atly ene ýolbarsyň nesli bolan çagalaryň biri erkek, beýlekisi bolsa urkaçy bolup, ikisi hem ak reňklidir.
Häzirki wagtda ene ýolbars Narin we onuň çagalary weterinar lukmanlaryň gözegçiliginde saklanylýar. Hünärmenler haýwanlaryň saglyk ýagdaýyny yzygiderli barlap, ýolbars çagalarynyň kadaly ösmegi üçin zerur şertleri döredýärler.
Täze dünýä inen ak ýolbars çagalaryny muzeýe gelýänlere 2027-nji ýylyň ýazynda görkezmek meýilleşdirilýär.
Bu waka Türkmenistanyň Janly tebigatyň milli muzeýinde haýwanlary gorap saklamak we olaryň nesil öndürmegi üçin amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini ýene bir gezek görkezýär.