Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň 2026-njy ýylyň 15-nji awgustynda çykaran 90 belgili buýrugy
TÜRKMENISTANYŇ ADALAT MINISTRLIGI ·
Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň 2026-njy ýylyň 15-nji awgustynda çykaran 90 belgili buýrugy «Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň 2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde çykaran 79 belgili buýrugyna üýtgetme girizmek hakynda» 2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda kabul edilen «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, buýurýaryn: 1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 23-nji maýynda 1225 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynda ýol hereketi babatynda administratiw hukuk bozulmalary barada iş boýunça önümçiligini guramagyň Düzgünlerini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň 2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde çykaran 79 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynda ýol hereketi babatynda administratiw hukuk bozulmalary barada iş boýunça önümçiligini guramagyň Düzgünleriniň segsen dördünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli: «84. Serhoş ýagdaýda ulag serişdesini dolandyrandygy we ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy bilen bagly Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan beýleki hukuk bozulmalary boýunça ulag serişdesini dolandyrmak hukugyndan çäklendirilen fiziki şahslaryň sürüjilik şahadatnamalary Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginde we onuň ýerlerdäki bölümlerinde saklanylýar. Serhoş ýagdaýda ulag serişdesini dolandyrandygy üçin ulag serişdesini dolandyrmak hukugyndan çäklendirilen fiziki şahslaryň sürüjilik şahadatnamalary ulag serişdesini dolandyrmak hukugyndan çäklendirilen möhleti gutarandan soň, olaryň sürüjilik şahadatnamalary nazaryýet synagyndan gaýtadan geçeninden soň gaýtarylyp berilýär. Ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy bilen bagly, Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan b eýleki hukuk bozulmalary boýunça ulag serişdesini dolandyrmak hukugyndan çäklendirilen fiziki şahslaryň sürüjilik şahadatnamalary ulag serişdesini dolandyrmak hukugyndan çäklendirilen möhleti gutarandan soňra gaýtarylyp berilýär.». 2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň orunbasary polisiýanyň podpolkownigi Ö.Kakalyýew we ministrligiň we Polisiýanyň ýol gözegçiligi, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hem-de welaýatlaryň Polisiýa müdirlikleriniň müdirkeri gözegçilik etmeli. Ministr polisiýanyň general-maýory M.Hydyrow Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2026-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda 1969 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy